Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Futbolça žurnalisti öldürmek bilen baglylykda iş kesildi


Jaweed Huseýnow
Jaweed Huseýnow

Azerbaýjanly ady belli futbolçy abraýly žurnalisti öldürmek bilen bagly hadysa gatnaşykda günälenip, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bakuwyň etrap sudy 31-nji maýda çykaran kararynda Jaweed Huseýnowy Rasim Aliýewe garşy planlaşdyrylan hüjüm barada häkimiýetleri habarly etmezlikde günäli tapdy.

Sud “Kabala” futbol komandasynda oýnaýan we Azerbaýjana wekilçilik edýän Huseýnowy tussaglyga höküm etdi.

Huseýnow aýyplamalary ret edýär.

30 ýaşly žurnalist Rasim Aliýew urlup-ýenjilen gününiň ertesi 2015-nji ýylyň 9-njy awgustynda Bakuwyň keselhanasynda ýogaldy.

Žurnalist özüniň Huseýnowyň tarapdarlarynyň hüjümine sezewar bolandygyny keselhanada bolan wagtynda habar berdi. Olar Aliýewiň Huseýnowy tankytlap ýazan makalasy üçin ondan ar alypdyr.

Aprel aýynda bäş adam Aliýewiň ölümine sebäpkär bolmakda günäli tapyldy. Olar 9 we 13 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler.

XS
SM
MD
LG