Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aktiwisti Milli howpsuzlyk komitetine soraga çagyryldy


Tolekan Ismailowa
Tolekan Ismailowa

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewi suda beren tanymal adam hukuklaryny goraýjysy özüniň Milli howpsuzlyk boýunça komitete soraga çagyrylandygyny aýtdy.

Bişkekde ýerleşýän “Bir dünýä-Gyrgyzystan”atly guramanyň müdiri Tolekan Ismailowanyň 1-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol Milli howpsuzlyk komitetiniň talabyny berjaý etmekden boýun gaçyrypdyr. Ismailowa bu çakylygyň bikanundygyny belledi.

Adam hukuklaryny goraýjy özüniň soraga çagyrylmagynyň sebäbini professional işi bilen baglanyşdyrýar.

Ismailowa we adam hukuklaryny goraýjy ýene bir tanymal gyrgyz aktiwisti Aziza Abdyrasulowa prezident Atambaýewiň geçen aýda özlerini “sabotažçy” atlandyrmagy üçin ony ýaňy-ýakynda suda berdiler.

Ismailowanyň topary we Abdyrasulowa gyrgyz häkimiýetlerini 2010-njy ýylda ýurduň günortasynda etnik özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda bolan zorlukly çaknyşyklar bilen bagly jenaýat işleriniň ençemesine garamak bilen bagly şowsuzlyklar üçin tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG