Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘S.Türkmenbaşy’ şaýoly ýapyldy, dykynlar döredi


Aşgabadyň esasy prospektleriniň biri bolan “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň 2 km-ä golaý bölegi gurluşyk işleri sebäpli ýapyldy. Iýunyň 1-den 2-ne geçilýän gije gürrüňi gidýän şaýoluň demirgazykda “Oguzhan” (ozalky “Aýtakow”), günortada “10 ýyl abadançylyk” (ozalky “Moskowskaýa”) köçeleri bilen çatryklarynyň arasy petiklendi.

Bu şaýoly giňeltmek, onuň ugrunda ýagtyldyş sütünlerini oturtmak boýunça geçiriljek ýol-gurluşyk işleri 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ”Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklaryň çäginde alnyp barylýar.

Belläp geçsek, “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň petiklenen böleginiň günbatar ýakasynda Olimpiýa şäherjigi ýerleşip, ýoluň bu tarapy alnyp barylýan gurluşyk işleri sebäpli eýýäm tas üç ýyldan bäri ýapyk dur.

Birikýän köçeler

“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýoluna gündogardan gelip birikýän köçeleriň-de şaýol bilen birikýän çatryklarynda uly beton bölekleri goýlup, germew edildi. Bu köçeleriň umumy sany 7-ä deň bolup, olaryň arasynda “Ýunus Emre”, “Ýaşlyk” ýaly has köp gatnawly köçeler-de bar.

Şaýoluň ýapyljakdygy hakynda aprel aýynyň başlarynda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerinde habar berlen bolsa-da, prospekt boýunça gatnaýan 10-a golaý awtobusyň täze marşrutlary barada hiç hili maglumat berilmedi.

Şaýoluň agzalan böleginiň ýapylmagy “Parahat” mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryna işe, okuwa gatnamakda, paýtagtyň beýleki edaralaryna gitmekde kynçylyklary döredendigi bellenilýär.

“Awtobuslaryň täze marşrutlary barada maglumat bermediler, ‘Mir’ (häzirki ‘Andalyp’ – red.) köçesine ýöräp, başga bir awtobus duralgasyna barýançam, 1 kilometr aralygy sökmeli boldum. Üssesine-de, ýol dykynlary. Işe ýarym sagat çemesi gijä galyp bardym” diýip, Parahat 2/2 etrapçasynyň ýaşaýjysy Weli penşenbe güni başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Dykynlar

“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň ýapylmagy; oňa ýanaşyk, şol sanda “Oguzhan”, “Ýunus Emre” ýaly köçeleriň-de bir böleginiň eýýäm ençeme aýdan bäri gurluşyk işleri zerarly petiklenmegi, transport gatnawynda uly kynçylyklary döredendigi aýdylýar.

“Üsti-üstüne alnyp barylýan köçe gurluşyk işleri sebäpli, ýollar darlyk edip başlady. Edil şu günüň özünde bir ‘Tiz kömek’ ulagynyň ‘Oguzhan’ köçesinde dykynda gabalyp galandygyny gördüm. Ol sirenasyny çalsa-da, ulaglaryň süýşüp oňa ýol berer ýaly ýeri ýokdy” diýip, aşgabatly Sähet gürrüň berýär.

“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň ýapylan böleginde gurluşyk işleriniň haçan tamamlanjakdygy barada hiç hili maglumat berilmeýär. ”Aziýa oýunlary” üçin giňeldilýän bu köçäniň gurluşyk işlerine gaznadan goýberilen maýa serişdeleri barada hem hiç hili maglumat ýok.

Ýeri gelende bellesek, 2017-nji ýylda geçjek ”Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklaryň çäginde “paýtagty abadanlaşdyrmak” boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde Aşgabatdaky we onuň etegindäki sebitlerde müňlerçe jaý weýran edildi.

XS
SM
MD
LG