Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH gurluşygyna $45 million goýberdi


TOPH geçirijisiniň ýoly
TOPH geçirijisiniň ýoly

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak serişdäni bölüp bermegi karar etdi.

Prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümet maslahatynda gol çekdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine daşary ýurt pulundaky serişdelerinden 45 million 50 müň amerikan dollaryny «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynda depozite ýerleşdirmäge ygtyýar berildi diýip, resmi habarda aýdylýar.

«Türkmenbaşy» banky bu serişdeleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň maýa goýum paýynyň birinji tölegini geçirmek üçin konserne karz berer.

XS
SM
MD
LG