Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: Ermeni meselesi 'şantaž' edilip ulanylýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Osmanly türklere bir asyr ozal ermenileri genosid etmekde, ýagny bilkastdan gyrmakda bildirilýän aýyplamalar Türkiýäniň garşysyna «şantaž» hökmünde, gorkuzmak üçin ulanylýar diýdi.

Erdogan 4-nji iýunda, german parlamenti ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe öldürilmegini «genosid» diýip atlandyrmak baradaky rezolýusiýany tassyklanyndan birnäçe gün soň çykyp gürledi.

«Bu ýerde mesele ermenilerde däl, olar diňe ulanylýar. Ermeni meselesi bütin dünýä ýüzünde Türkiýäni gorkuzmagyň amatly guraly hökmünde ulanyldy» diýip, Erdogan aýtdy.

«Biziň ermeni meselesi babatdaky pozisiýamyz başdan belli: biz genosid aýyplamalaryny hiç wagt kabul etmeris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Birinji Jahan urşy zamanynda 1.5 milliona çenli ermeniniň Osmanly türkler tarapyndan köpçülikleýin gyrylmagy we deportasiýa edilmegi köp taryhçy we ençeme ýurt tarapyndan genosid diýlip hasaplandy.

Türkiýe şol döwürde ýogalan ermenileriň sanynyň has az bolandygyny we olaryň esasan graždan bidüzgünçilikleri esasynda heläk bolandygyny aýdyp, Osmanly hökümetiniň hristian azlygyny ýok etmek boýunça planlaşdyran tagallalary sebäpli heläk bolandygyny ret edýär.

Germaniýa 2-nji iýunda parlamentiň aşaky öýi simwoliki rezolýusiýany tassyk edende, ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip ykrar eden 23-nji ýurt boldy. Bundestagyň rezolýusiýasy ermenileriň we beýleki hristian azlyklarynyň 1915-16 ýyllarda genosid edilen, bilkastdan gyrlan hökmünde ýatlanylmagyna çagyrýar.

Bu çäre türk resmileriniň gazaply reaksiýalaryna sebäp boldy. Olar onuň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara çynlakaý zyýan ýetirjekdigini duýdurdylar. Ankara Berlindäki ilçisini derhal yzyna çagyrdy.

Erdogan 4-nji iýunda sözlän sözünde Ýewropa Bileleşigini «öz aladalary bilen ikiçäk galdyrmak» haýbatyny hem atdy.

Megerem migrantlaryň Ýewropa akmasynyň öňüni almagy maksat edinýän Türkiýe-ÝB ylalaşygyny nazara alyp,ol «ýa biz öz problemalarymyza adalatly ýagdaýda çözgüt taparys, ýa-da Türkiýe Ýewropanyň problemalarynyň öňünde päsgelçilik bolmasyny bes eder» diýip, türk prezidenti aýtdy.

Erdogan biraz öň türk gazetleriniň birnäçesinde çap edilen sözlerinde Germaniýanyň «möhüm bir dostuny» ýitirip biljekdigini duýdurdy. Şeýle-de ol Bundestagdaky ses berişligiň türk-german meselesidigini,onuň ÝB bilen migrant ylalaşygyna hiç bir dahylynyň bolmajagyny nygtady.

Emma muňa garamazdan, ol Ýewropanyň bu ylalaşyk boýunça edýän işlerine, şol sanda Türkiýedäki bosgunlara kömek üçin wada berlen fondlaryň geçirilişine tankydy garamagyny dowam etdirýär we ylalaşygyň indiden soň hem togtadylyp bilinjekdigini duýdurdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG