Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Aktobede atyşyk boldy


 Aktobe atyşygynyň ekran şekili
Aktobe atyşygynyň ekran şekili

Gazak häkimiýetleri günbatardaky Aktobe şäherinde ýarag dükanyna we harby baza ýaragly adamlar tarapyndan edilen aýry-aýry hüjümlerde üç adamyň ölendigini, azyndan on adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Gazak polisiýasynyň sözçüsiniň «Interfaks» habar gullugyna aýtmagyna görä, hüjümde dükan işgäri öldürilipdir, harby bazada bolsa bir ofiser we gulluga alnan bir esger, hüjümçilere gaýtawul berýän wagtlary wepat bolupdyr.

Ýaraly bolanlaryň ählisiniň howpsuzlyk güýçleriniň agzalarydygy aýdylýar. Käbir metbugat habarlarynda pidalaryň sanynyň 20 çemesi bardygy öňe sürülýär.

Metbugat habarlarynda,polisiýa resmileriniň 5-nji iýunda aýdan sözlerine salgylanyp, howpsuzlyk güýçleri bilen atyşyk mahalynda bir hüjümçiniň ýesir alnandygy, üç hüjümçiniň bolsa öldürilendigi aýdylýar.

Şeýle-de, beýleki güman edilýän hüjümçileri tutmak üçin, «terrora garşy operasiýanyň» geçirilýändigi habar berilýär.

Içeri işler ministrligi Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň soragyna jogap berip, Aktobede bolan atyşygy tassyklady, emma goşmaça maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

Resmiler ýerli ilata 5-nji iýunda öýden çykmazlyklaryny tabşyrdylar.

Bu hüjümiň sebäpleri bada-bat anyk bolmady.

XS
SM
MD
LG