Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozision deputatyň ygtyýarlyklary aýryldy


 Ilýa Ponomarýow
Ilýa Ponomarýow

Orsýetiň Döwlet dumasy Ilýa Ponamarýowy özüniň deputatlyk mandatyndan mahrum etdi.

Parlamentiň aşaky öýi, Kreml tarapyndan goldanylýan Bütewi Orsýet partiýasynyň agzalarynyň agdyklygynda, oppozision deputata garşy teklip edilen jeza çäresini 413 deputatyň goldamagynda, 3 deputatyň garşy bolmagynda kabul etdi.

2014-nji ýylda OrsýetiňUkrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine garşy çykan ýeke-täk deputat bolan Ponamarýow geçen ýyl eýýäm öz kanuny eldegrilmesizlik hukuklaryndan mahrum edilipdi.

Bu Ponomarýowyň garşysyna bildirilýän aýyplamany derňemäge ýol açýar.

Ol döwlet howandarlygyndaky Skolkowo tehnologiýa fondundan ogurlyk etmekde aýyplanýar we muny gaýta-gaýta ret etdi.

XS
SM
MD
LG