Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl aýyplanan palestinalyň jaýyny ýykdy


Ysraýyl esgerleri
Ysraýyl esgerleri

Ysraýyl harbylary, ýewreý aýaly öz çagalarynyň gözüniň öňünde öldürdi diýip, palestin erkeginiň maşgala jaýyny ýumurdy.

Ysraýyl esgerleri 11-nji iýunda Morad Bader Abdullah Adaisyň Günbatar kenaryň Ýatta obasynda ýerleşýän jaýyny ýykdylar.

Harbylar onuň ýanwar aýynda alty çaganyň ejesi Dafna Meýri öz öýünde, Otniýeldäki ýewreý obasynda pyçaklap öldürendigini aýdýarlar.

Ol jenaýatyň bolan ýerinden gaçypdyr we soňra tutulypdyr.

Ysraýyl öý ýykmagyň geljekki hüjümleriň öňüni almak niýeti bilen amala aşyrylýandygyny aýdýar. Emma palestinalylar muny kollektiw jezalandyrma hasaplaýarlar.

XS
SM
MD
LG