Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda bir türkmenistanly beýleki türkmenistanlyny öldürdi


Stambul
Stambul

Türkiýäniň Stambul şäherinde bir türkmenistanly başga bir türkmenistanlyny atyp öldürdi.

Türk habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şu ýylyň 15-nji maýynda Stambulyň Saryýer etrabynyň Taşkyran köçesiniň ugrunda bolan wakada Azat Orunow atly bir türkmen raýaty sapança bilen atylyp öldürildi.

Wakanyň yzysüre Jenaýat Býuro Müdirliginiň, ýagny Jenaýat Agtaryş Müdirliginiň geçiren derňewleri netijesinde Azat Orunowyň özi ýaly türkmen raýaty tarapyndan öldürilendigi anyklandy. Bu jenaýaty edendigi çaklanylýan türkmenistanly resmi maglumatda köpçülige – “Binýat A.” ady bilen tanadyldy.

Jenaýatyň bolan ýerinden gaçan şübhelini ele salmak üçin ýörite operasiýa geçirildi. Netijede “Binýat A.” geçen çarşenbe güni tutulyp, polisiýanyň edarasyna eltildi.

Sorag

Jenaýat Býuro Müdirliginiň geçiren soragynyň dowamynda ol Azat Orunowy özüniň öldürendigini boýun alandygy aýdylýar. Tutulan şahsyýet Azat Orunowy özüniň aýaly bilen, hamana, boldy diýilýän gatnaşyklar sebäpli ýüze çykan dawadan soň atandygyny aýdypdyr.

“Haber Türk” gullugy tussag edilen bilen geçirilen soragyň bir bölegini öz websaýtynda çap etdi. Onda “Binýat A.” diýlip tanadylan şahsyýetiň şeýle sözleri getirilýär: “Biziň ýaşaýan raýonymyzda aýalym bilen Azadyň arasynda gatnaşyklaryň bardygy baradaky gep-gürrüňler peýda bolup başlady. Bu hakda gürleşmek üçin men onuň [Azadyň] ýanyna bardym. Ol maňa bu gürrüňleriň çyndygyny aýtdy. Maňa haýbat atdy. Bu sebäpli aramyzda dawa çykdy. Ony öldürip, gaçdym”.

Tussag edilen türkmenistanly degişli sorag işleri geçirilenden soň, deslapky tussaghana eltildi. Oňa bildiriljek aýyplamalar we geçiriljek sud işi barada häzirlikçe hiç hili maglumat elýeterli däl.

Bu waka we türkmen raýatynyň geljegi barada Türkmenistanyň Türkiýedäki resmi wekilhanalaryndan, şol sanda Stambuldaky konsulhanasyndan hem nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýede Türkmenistandan gelen köp sanly, şol sanda bikanun zähmet migrantlary hem işleýärler.

XS
SM
MD
LG