Täjigistanyň tanymal oppozision wekiliniň aklawçysy ýene bir oglunyň galp diýip atlandyran aýyplamalar esasynda türmä düşmeginden 10 gün geçensoň aradan çykdy.
61 ýaşly Işok Tabarow 12-nji iýunda Duşenbäniň keselhanasynda ýogaldy. Onuň aýaly Zuhro Şerowa öz adamsynyň insultdan ölendigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
2-nji iýunda Wahdat şäheriniň sudy Tabarowyň ogly Daler Tabarowy takyk maglumat berilmedik bir jenaýat barada habar bermekde aýyplap, alty aýlyk türme tussaglygyna höküm etdi.
Tabarowyň ikinji ogly Firuz Tabarow hökümete garşy propaganda alyp barmakda aýyplanyp, fewral aýynda 13 ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Tabarow öz ogullaryna garşy aýyplamalarynyň syýasy matlaplydygyny aýtdy.
Tabarowyň garyndaşlary onuň ogullaryna garşy iş gozgalmagyndan soň 20 kilogram agramyny ýitirendigini aýtdylar.
Tabarow oppozision garaýyşly telekeçi we hasaba alynmadyk “Täze Täjigistan” atly oppozision hereketiniň başlygy Zaid Saidowyň aklawçysydy.
Saidow maliýe galplyklar, köp aýallyk ýaly aýyplamalaryň esasynda 2013-nji ýyldan bäri 29 ýyllyk türme möhletini başdan geçirýär. Saidow we onuň garyndaşlary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?