Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň güýçleriniň kürtler bilen çaknyşygynda 15 adam öldi


Kürtleriň "Peşmerga" güýçleriniň söweşijileri
Kürtleriň "Peşmerga" güýçleriniň söweşijileri

Eýranyň habar agentlikleri ýurduň Yrak bilen serhediniň golaýynda kürt gozgalaňçylarynyň we “Yslam rewolýusiýasynyň gwardiýasynyň” güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 15 adamyň wepat bolandygyny, olaryň arasynda 12 adamyň kürtlerdigini habar berdiler.

Gozgalaňçylar Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Oşnawieh ýerinde “zyýanly” hereketleri amala aşyrmak üçin serhetden geçdiler emma eýranly güýçleriň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular, diýip Fars we Tasnim agentlikleri 16-njy iýunda habar berdiler.

Oşnawieh Yragyň demirgazygyndaky awtonom kürt regionyndan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Eýranyň baş polisiýa resmisi general Hossein Aştari öldürilen söweşijileriň Türkiýede gadagan edilen “Kürdüstanyň işçi partiýasy” bilen ýakyn gatnaşykdaky “Kürdüstanyň azat durmuş” partiýasynyň agzalary bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG