Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly aýdymçy atylyp öldürildi


Pakistanly aýdymçy Amjad Sabri.
Pakistanly aýdymçy Amjad Sabri.

Pakistanda ýaragly adamlar sopuçylyk akymy boýunça ýurduň iň meşhur aýdymçysyny atyp öldürdiler.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, 22-nji iýunda Amjad Sabri Karaçi şäherinde ulag bilen sapar edýän mahaly, oňa motosikletdäki nämälim hüjümçiler ençeme gezek ot açypdyrlar.

Bu hüjümiň yzýany, aýdymçynyň goňşulary onuň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirmek üçin öýüniň daşynda ýygnandylar. Şol bir wagtda telewideniýede aýdymçynyň hatyrasyna onuň aýdymlary görkezildi.

45 ýaşyndaky Sabri we onuň aradan çykan kakasy Gulam Farid Sabri “kawwali”, ýagny sopuçylyk akymyna daýanýan aýdymlary aýdýan sungat işgärleridi.

“Talyban” ýaly yslamçy toparlar sopuçylyk däp-dessurlaryny dini ynanja gabat gelmeýär diýip ret edýärler we sopulary nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG