Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda partlama boldy; hökümet dymýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ýag-ýangyçlar üçin niýetlenen ätiýaçlyk çeleginde, ýagny rezerwuarynda partlama boldy. Geçen anna güni giçlik ýüze çykan bu hadysa barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligindäki çeşmesi maglumat berdi.

Howpsuzlyk düşünjesine eýerip, öz adynyň efirde tutulmagyny islemedik nebit-gaz resmisi partlamanyň netijesinde bir aýal maşgalanyň ýaralanandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Ministrlikdäki çeşmesi Toplumyň 9-njy sehiniň labaratoriýasynyň barlagçysyna ýanyk şikesleriň düşendigini we onuň bejergi üçin Aşgabada ýollanandygyny gürrüň berdi. Ol şikes alan aýal maşgalanyň ýagdaýynyň häzir ýaramazlaşman, belli bir derejede kadalaşandgyny hem sözüne goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Toplumdaky partlama barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri hem habar beripdi. Onuň öz çeşmelerine saglylanyp beren maglumatyna görä, Toplumda işleýän 22 ýaşyndaky barlagçy gyz çelekden labaratoriki seljerme üçin ýag-ýangyç nusgasyny almaga baranda, aşa gazlylyk sebäpli zerur derňewleri etmän, yzyna gaýdypdyr.

Barlagçy gyz bu barada Toplumyň degişli ýolbaşçylaryna habar berse-de, nusgalaryň hökmanydygyny aýdyp, ony yzyna ugradypdyrlar. Gyzyň rezerwuaryň gapagyny açan pursady hem ýangyn başlanypdyr.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlarynyň” öz Türkmenbaşy şäherindäki çeşmesine salgylanyp berýän maglumatyna görä, ýangyna tehniki howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligindäki çeşmesi partlamanyň netijesinde barlagçy gyzdan başga hiç kime şikesiň ýetmändigini, şeýle-de ölüm ýagdaýlarynyň bolmandygyny aýtdy.

Nebit-gaz resmisi deslapky hasaplara görä, ýangyn netijesinde 174 müň 610 manat ($50 müň töweregi) möçberinde zyýanyň ýetendigini hem mälim etdi.

"Planlaşdyrylan çäre"

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öz resmilerinden bu partlama degişli jikme-jik maglumat almak başartmady.

Türkmenistanyň jogapkär ýolbaşçylary we habar serişdeleri geçen hepdäniň ahyrynda ýüze çykan bu hadysa barada ilat köpçüligine hiç hili maglumat bermediler.

Emma, Toplumdaky partlama baradaky maglumatlaryň yzy bilen, şu gün Trend habar agentligi Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugyna salgylanyp, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda "dürli derejedäki ýangynlary söndürmek boýunça planlaşdyrylan çäreleriň" geçirilýändigi barada maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG