Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 28-nji iýunda başlanýan iki günlük sammite jemlenýärler. ÝB-niň bu sammiti Britaniýanyň bileleşigiň düzüminden çykmak boýunça ses bermeginden soňky ilkinji ýokary derejeli duşuşygydyr.
Sammitden bir gün öň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland we Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi bilelikdäki beýannamasynda Ýewropanyň “bütewüdigini” bellediler.
Olar Britaniýa guramadan çykmak boýunça resmi prosesini başlamak üçin Lisabon ylalaşygynyň 50-nji maddasyny işledip başlaýança onuň ÝB bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada hiç hili resmi däl gepleşikleriň geçirilmejegini aýtdylar.
Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron öz wezipe möhleti tamamlanýança munuň amala aşyrylmajagyny aýtdy we sentýabr aýyny agzady.
Kameron 28-nji iýunda ÝB-niň 27 lideri bilen bilelikde Brussele barýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri ÝB-niň liderlerini “ar alyjy” hereketlerden saklanmaga we “jogapkärçilikli, duýgur” we strategik häsiýetde hereket etmäge çagyrdy.