Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz, rus diplomatlary Parižde duşuşýar


Fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault).
Fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault).

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-nji iýunda Parižde fransuz kärdeşi Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault) bilen gepleşikleri geçirýär. Bu duşuşygyň gün tertibinde Ukraina, Siriýa we Russiýa-Ýewropa gatnaşyklary bar.

“Duşuşygyň dowamynda terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek barada maslahat ediler. Şeýle-de, olar Ukraina, Libýa, Siriýa we Ýakyn Gündogar ýaly iň aktual halkara meseleleri çözmek ugrunda edilýän işleriň progresine serederler” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa aýdýar.

Şeýle-de, ol Lawrow we Aýrault Russiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda “Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak baradaky referendumynyň bolaýmagy mümkin netijeleri” barada pikiri alyşarlar diýdi.

Ýakynda Aýrault we beýleki fransuz liderleri fransuz-rus gatnaşyklarynyň gowulanmagyny umyt edýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG