Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda 80 adam öldürildi


Bagdad, Sadr şäherçesinde bolan partlama, 17-nji maý, 2016.
Bagdad, Sadr şäherçesinde bolan partlama, 17-nji maý, 2016.

Yrak resmileri YD ekstremist toparynyň Bagdadyň merkezinde ýaran ulag bombasy azyndan 75 adamy öldürdi diýýärler.

Polisiýa we saglyk resmileri bu sanlary tassykladylar, emma atlaryny aýtmazlygy soradylar. Sebäbi olara metbugata maglumat bermek bolmaýar.

YD internetde beýanat çap edip, 3-nji iýulda irden, paýtagtyň mähelleli söwda etrabynda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. emma bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýär.

Gündogar Bagdatda partlan ikinji bomba bäş adamy öldürdi, 16 adamy bolsa ýaralady.

Bu hüjümler Yrak goşunlary Falluja şäherini yzyna alanyndan soň bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG