Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus uçaryndaky ekipaž agzalarynyň jesetleri tapyldy


Irkutsk sebitindäki tokaý ýangyny.

Orsýetiň halas ediş toparlary Sibiriň Irkutsk sebitinde ýykylan ýangyn söndüriji uçaryň ekipaž agzalarynyň 10-synyň hem jesedini tapdylar.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Wladimir Puçkowyň 4-nji iýulda beren maglumatyna görä, tutuş gije dowam eden gözleg we halas ediş operasiýalary häzirki wagt tamamlanypdyr.

“Il-76” uçary sebitdäki tokaý ýangynlaryny öçürmäge kömekleşýärdi we 1-nji iýulda ikinji reýsini amala aşyrýan wagty ýitirim boldy.

Bu uçaryň galyndylary Rybniý Uýan obasynyň dört kilometr günortasynda tapyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG