Şu günler Aşgabatda Magtymguly şaýoluny giňeltmek işleri amala aşyrylýar. Bu işler köçäniň günorta bölegindäki ozalky Stepan Razina köçesi bilen çatrygyndan günbatara uzap gidýär. Köçäniň giňeltmek işleriniň çäginde köçäniň ugrundaky käbir agaçlaryň hem çapylýandygy habar berilýär.
Köçe giňeldilýär, ýene agaçlar çapylýar...

1
Magtymguly şaýoluny giňeltmek işlerine mundan 2-hepde ozal başlandy.

2
Bu işleriň çäginde ýan ýodalar bilen ýaşaýyş jaýlarynyň aralary gazylyp, lagym, suw turbalaryny geçirmek işleri alnyp barylýar.

3
Häzirki wagtda giňeldilýän köçerleriň tas ählisinde diýen ýaly çukurlar gazylyp, lagym, suw turbalary çalşyrylýar.

4
Köçäniň ugrundaky awtobus duralgasynyň hem sökülip aýrylandygy habar berilýär.