Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek özbek aktiwistine garşy çykarylan höküme gaýtadan seredýär


Tanymal özbek aktiwisti Azimžan Askarowyň Gyrgyzystandaky öýi.
Tanymal özbek aktiwisti Azimžan Askarowyň Gyrgyzystandaky öýi.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy etnikara ýigrenji öjükdirmekde höküm edilenden soň, häzirki wagt ömürlik türme tussaglygyny berjaý edýän tanymal özbek aktiwisti Azimžan Askarowyň sud işine gaýtadan seredýär.

Askarowyň sud diňlenişigine 11-nji iýulda irden başlandy. Bu diňlenişik berk howpsuzlyk çäreleri astynda geçirilip, oňa ýüzlerçe žurnalist we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Askarowyň tussaglykdan boşadylmagy dogrusynda Bişkege edilen halkara çagyryşlardan soň, geçen aý Gyrgyzystanyň Ýokary sudy “sud işinde peýda bolan täze ýagdaýlar” sebäpli özüniň 2011-nji ýylda çykaran kararyna täzeden seredilýändigini mälim etdi.

Gyrgyzystanyň raýatlygyna eýe asly özbek Askarow 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň günortasynda etniki özbek we gyrgyz raýatlarynyň arasynda çaknyşyklary guramalaşdyrmaga kömek etmekde aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Gürrüňi edilýän şol çaknyşyklarda aglabasy etniki özbeklerden ybarat 450-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG