Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana pul ugratmagyň kynçylyklary


Tagtabazar, etrap bankyndaky nobat
Tagtabazar, etrap bankyndaky nobat

Ozal habar berşimiz ýaly, daşary ýurtlardan Türkmenistana “Western Union” ulgamy arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerine täze çäklendirmeler girizildi.

Mundan beýläk Türkmenistanda puly kabul edýän tarap maliýe serişdelerini ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwanamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi.

Bu ýagdaý başda Türkiýedäki we beýleki ýurtlardaky türkmenistanly zähmet migrantlara nähili täsir edýär?

Türkmen migrantlary pul ugratmak barada nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Türkmenistandaky maşgalasyny Türkiýede işläp ekleýän migrantlar pul ibermek çäklendirmesine nähili çykalgalar gözleýärler?

Azatlyk Radiosy Dünýä türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistana walýuta ibermek çäklendirmesiniň daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryna ýetirýän täsirine gönükdirýär.

Türkmenistana pul ugratmagyň kynçylyklary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG