Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresmenler Nepesgulyýew "azatlyga mynasyp" diýýär


Saparmämmet Nepesgulyýew
Saparmämmet Nepesgulyýew

Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň ýedi agzasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýazyp, ony Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen hyzmatdaşy Saparmämmet Nepesgulyýewi türmeden boşatmaga çagyrdy.

Kongresmenler S.Nepesgulyýewiň tussag edilenine 7-nji iýulda bir ýyl bolandygyny ýatladyp, onuň bikanun tussag edilendigini aýdýarlar.

«Jenap Nepesgulyýew, Türkmenistanyň günbatar sebitleriniň raýatlaryny öz jemgyýetlerinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen habarly etmek we olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýardam bermek maksady bilen ykdysady ýagdaýlar, infrastruktura, sosial hyzmatlar we bilim barada batyrgaýlyk bilen maglumat berdi» diýip, kongresmenler aýdýar.

Şeýle-de olar žurnalistiň 2015-nji ýylyň iýulynda tussag edilip, galplaşdyrylan neşe aýyplamasy bilen sud edilmezinden öň hiç kime görkezilmän saklanylandygyny, şol ýylyň 31-nji awgustynda bolsa oňa Türkmenbaşy şäher sudunda bolan ýapyk sud seljerişliginde üç ýyl türme tussaglygy höküminiň çykarylandygyny aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary S.Nepesgulyýewiň işine syn edip, onuň tussag edilmeginiň «eden-etdilikli», ýagny bikanun bolandygyny, sebäbi türkmen hökümetiniň ony bolmaly sud prosesi esasynda sud edip, ýyl kesendigini görkezip bilmändigini aýtdylar we derhal türmeden boşaatmaga çagyrdylar.

Amerikan kongresmenleri prezident Berdimuhamedowa ýazan hatlarynda şu eden-etdilik faktyna ünsi çekip, bir topar halkara guramasynyň Nepesgulyýewi ynsanperwerlik esaslarynda azat etmäge çagyrandygyny ýatladýar. Bu çagyryşda žuranlistiň ýaramazlaşan saglyk ýagdaýy, izolýasiýada saklanmagy, maşgala agzlary ýa aklawçy bilen görüşdirilmezligi delil edilip getirilýärdi.

Kongresmenler käbir hukuk toparlarynyň onuň diridigini ýa däldigini hem sorag astyna alandyklaryny ýatladýarlar.

«Biz ÝB resmileriniň 2016-njy ýylyň maýynda, Türkmenistan bilen ýyllyk adam hukuklary konsultasiýalary mahalynda bu meseläni gozgandygyny bilýäris.

Ýazgarylan tussaglyk

"ÝHHG, Aaztlyk öýi, HRW, Žurnalistleri goramak baradaky komitet, Serhetsiz reportýorlar guramasy Nepesgulyýeiwň tussag edilmegini ýazgardy we onuň derhal boşadylmagyna çagyrdy" diýip, ABŞ-nyň ýedi kongresmeni Berdimuhamedowa ýazan hatynda aýdýar.

Şeýle-de olar, ABŞ-nyň kongresmenleri hökmünde, özleriniň Türkmenistanyň hem hormatlamaga borçlanan halkara şertnamalaryny, halkara kanunlaryny we adam hukuklaryny kepillendirýän standartlary goramagy wada berendiklerini aýdýarlar.

«Biziň Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna goldawymyz şol borjuň bir bölegi bolup durýar» diýip, hatda aýdylýar.

ABŞ-nyň Kongresiniň agzalary Adam W.Schiff, William R.Keating, Doug Lamborn, Daniel Lipinski, James M.McGowern, Joseph R. Pitts we Mark Rocan hatyň soňunda ýene bir gezek prezidente ýüzlenip, eden-etlikli tussag edilen we azatlyga mynasyp žurnalisti türmeden boşatmagy soraýarlar.

XS
SM
MD
LG