Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raport: Ukrainler eden-etdilikli tussag edilýär


Ukrainanyň Lugansk regionyndaky Çornuhine obasynda ýaragly ukrain güýçleri Orsýete tarapdar söweşijini tussag etdiler. 18-nji awgust, 2014 ý.
Ukrainanyň Lugansk regionyndaky Çornuhine obasynda ýaragly ukrain güýçleri Orsýete tarapdar söweşijini tussag etdiler. 18-nji awgust, 2014 ý.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iki tanymal gurama gündogar Ukrainada konfliktdäki taraplaryň ikisiniň-de parahat ilaty eden-etdilik bilen tussaglykda saklaýandygyny, gürüm-jürüm edýändigini we gynaýandygyny aýdýar.

“Amnesty International” bilen “Human Rights Watch” (HRW) guramalarynyň 21-nji iýulda çykaran hasabatynda Ukrainanyň häkimiýetleri we Kiýewiň tarapyny çalýan ýarym harby toparlar orsýetçi separatistleri goldaýanlykda ýa olar bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän raýatlary saklaýanlykda aýyplanýar.

Käbir halatlarda bolsa tussaglar ýesirleri çalyşmak boýunça geçirilýän gepleşiklerde artykmaçlyk gazanmak üçin ulanylýar, diýlip "Sen ýok: gündogar Ukrainada eden-etdilikli tussaglyk, zorlukly gürüm-jürümlik we gynama" diýlip atlandyrylan raportda aýdylýar.

Hasabatda aýdylýan zatlar barada ukrain hökümetiniň entek beren jogaby ýok. Ýöne bir ýokary derejeli howpsuzlyk işgäri Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy SBU-nyň tussaghanalarynyň bardygyny ýa adamlary eden-etdilik bilen saklaýandygyny ret etdi.

“Bolgusyz”

Ýurduň gündogar Donetsk we Luhansk regionlaryndaky separatistleriň wekilleri hem hasabatda aýdylýanlary "bolgusyz" diýip atlandyrdy.

Hukuk goraýjy toparlar problemanyň aşa uludygy sebäpli özleriniň güýç birikdirmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

"Bilelikde çykyş etmegimiziň sebäbi Ukrainanyň gündogarynda barýan ýaragly konflikt bilen baglylykda eden-etdilikli tussaglygyň, zorlukly gürüm-jürümligiň we gynalmalary uly meseledigi, onuň konflikt bilen ilteşikli ähli taraplardan bu ugurda gyssagly çäreleri talap edýändigi" diýip, HRW-niň işgäri Tanýa Lokşina Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Guramalar 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9400-den agdyk adamynyň başyna ýeten konflikte gatyşýan taraplara ýöňkelýän eden-etdilikli we uzaldylan tussaglyklar bilen bagly 18 ýagdaýy gözden geçiripdir.

Hasabatda öwrenilen ýagdaýlaryň köpüsinde parahat ilata degişli adamlar daşardakylar, şol sanda öz maşgala agzalary ýa adwokatlary bilen hem habarlaşmaga mümkinçilik berilmän saklanypdyr diýilýär.

Gynamalar

Saklananlara ezýet-azar berlipdir, hatda gynalypdyr, käbirlerine tussaglykda düşen ýaralary üçin medisina kömegi-de berilmändir.

Raportda bellenmegine görä, hökümetiň tarapyny çalýan güýçler, şol sanda meýletinçiler-de, parahat ilaty saklap, olary Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyna tabşyrypdyrlar. Iň soňunda bolsa olar regulýar jenaýat sud sistemasyna geçirilipdir.

Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bolsa hiç bir zatda aýyplanmaýan raýatlary ençeme hepdeläp ýa ençeme aýlap saklap, olara ýaramaz çemeleşipdirler. Hasabatda separatistleriň elindäki territoriýalarda - Donetsk we Lugansk welaýatlarynyň dürli bölekleri - ýerli howpsuzlyk güýçleriniň kanunçylygyň düýbinden ýok ýerinde iş alyp barýandygy aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, 39 ýaşly Wadim bir aýratynlyk bolup durýar. Ol özüni iki tarapyň-da gizlin tussaghanada saklap, gynandygyny aýdýar.

Raportda bellenilişine görä, Wadim 2015-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň kontrollygyndaky Slawýanskdan Orsýet tarapdan goldalýan separatistleriň elindäki esasy şäherleriň biri bolan Donetske awtobusda barýarka tutulypdyr. Ony ukrain güýçleri Slawýanskdaky ilteşikleri barada soraga çekip, urup-ýenjip gynapdyrlar. Ondan soň ony başga bir tussaghana geçiripdirler. Hasabatda muňa bolsa SBU kontrollyk edýär diýilýär.

Gizlin tussaghanalar

“Amnesty international” bilen “Human Rights Watch” guramalarynyň aýtmagyna görä, Wadim bu ýerde hem daşky dünýä bilen habarlaşdyrylman ýene alty hepde saklanypdyr. Separatistler bilen gatnaşykdadygyny boýun aldyrjak bolup, ony urup-ýenjipdir, bedenini çilim bilen ýakypdyr. Donetske dolanan badyna hem ony Orsýetden goldaw alýan häkimiýetler tutupdyrlar. Olar Ukrainada tutulanda SBU tarapyndan işe çekilenlikde güman edilip, oňa iki aýlap ezýet-azar beripdirler.

Ukrain resmileri tarapyndan bildirilen ilkinji reaksiýada ýurduň howpsuzlyk gullugynyň ştab başlygy Oleksandr Tkaçuk SBU-nyň tussaghanalarynyň bardygyny inkär etdi. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ukrain gullugyna beren interwýusynda SBU-nyň hiç bir adamynyň eden-etdilik bilen tussaglykda saklamaýandygyny subut etmek üçin onuň ähli binalaryny hukuk toparlaryna görkezmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýöne Tkaçuk häkimiýetler hasabaty öwrenerler, Ukrainanyň kanun goraýjy gulluklary tarapyndan adam hukuklarynyň bozulan ýeri bar bolsa, derňew geçirerler diýdi.

Gündogar Ukrainada söweşýän separatistleriň wekilleri hem öz ellerindäki Donetsk we Luganskyň dürli böleklerinde gizlin tussaghanalaryň bardygyny inkär etdiler.

"Donetsk halk respublikasy" diýip atlandyrylýan separatistik toparyň ombudsmeni diýip tanalýan Darýa Morozowa "Interfaks" habar gullugyna şeýle diýdi: "Biziň gizlin tussaghanalarymyz ýok. Tussaglarymyzyň nähili saklanylyşyna we olaryň ýagdaýyna hut özüm gözegçilik edýärin".

Zorlukly gürüm-jürümlik

Kiýewden garaşsyz bolmaga ymtylýan ýene bir topar bolan Lugansk halk respublikasynyň wekili Wladislaw Deinego hem hasabatda aýdylýanlary çürt-kesik ret etdi.

"Bu bütinleý manysyz zat. Biziň howpsuzlyk gulluklarymyz sabotaž işlerini alyp barýar. Bu iş kanuny we aýan zat. Gizlin tussaghanalaryň asyl gürrüňi hem bolup bilmez" diýip, Deinego “Interfaksa” aýtdy.

Hasabatda gündogar Ukrainada uruşýan taraplar tarapyndan saklanýan adamlaryň hemmesiniň halkara adam hukuklary kanunynyň goragy astyndadygy aýdylýar.

"Halkara adam hukuklary kanuny, halkara gumanitar kanun boýunça adamlaryň eden-etdilikli tussag edilmegi, gynalmagy we olara ýaramaz çemeleşilmegi gadagan. Gynamak bolsa bütinleý gadagan. Ol aslynda harby jenaýat" diýip, Lokşina aýdýar.

Kähalatlarda bolsa tussaglyk zorlukly gürüm-jürümlik bolup durýar. Sebäbi "gürrüňi edilýän häkimiýetler adamlaryň tutulandygy we olaryň nirededigi ýa ykbaly barada maglumat bermegi ret edipdir" diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatdaky aýratyn çynlakaý mesele saklanan adamlaryň ýesirleri çalyşmakda ulanylandygy.

"Buz dagynyň diňe çür başy"

Dokumentde bellenmegine görä, gürrüňi edilýän 18 halatyň dokuzynda olar çalşylypdyr. Şol sebäpden parahat ilat çalşylmak maksady bilen bilkastdan tutulypdyr diýen şübhe döreýär.

Bular ýaly işlere pida bolan adamlaryň sanyny çaklamak gaty kyn bolsa-d,a dokumentde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň aýdan bir zadyna salgylanýar. Ol öten aý bu regionda: "eden-etdilik bilen tussag etmeklik, gynamak, ezýet-azar bermek berk ornan ýagdaý bolup durýar" diýdi.

HRW-iň işgäri Lokşina: "Amnesty International bilen bilelikde dokumentleşdirilen zatlar buz dagynyň diňe çür başy" diýýär.

Guramalaryň ikisi-de hem ukrain hökümetini, hem-de gündogar Ukrainanyň dürli regionlaryny öz elinde saklaýan separatistleri zorlukly gürüm-jürümligiň, eden-etdilikli tussaglygyň soňuna çykmaga çagyrýar.

Olar iki tarapy-da tussaglaryň gynalmagyna, olara ýaramaz çemeleşilmegine hiç bir halatda çydamlylyk görkezmän, tussaghanalarda bardygy aýdylýan gynama we ezýet-azar barada derňew geçirmäge we bu işi edenleri jogapkärçilige çekmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG