Türk diplomaty Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň basym geljekde türkmen gazyny Ýewropa aşyrmak mümkinçilikleriniň esasyny goýmak üçin duşuşjakdygyny aýdýar.
Foxnews.com internet neşiriniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň Türkmenistandaky wekili Mustafa Kapuçu anna güni üç lideriň sammitiniň şu ýylyň aýaklarynda boljakdygyny aýdypdyr.
Türkmen gazy üçin günbatara çekilmekçi bolýan geçiriji Kaspi deňzinden aşyp, Azerbaýjana barmaly we Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisine birikmeli.