Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat olimpia medalyna umyt baglaýar


Aşgabatda sport çäresine gatnaşýan çagalar.
Aşgabatda sport çäresine gatnaşýan çagalar.

Türkmenistan, ilkinji olimpia medalyny gazanmak umydy bilen, çarşenbe güni Rio-de-Žaneýro şäherinde geçjek Olimpia oýunlaryna gatnaşmaly ýygyndysyny Braziliýa ugratdy.

Bu Türkmenistanyň Bütindünýä Olimpia oýunlaryna üçünji gezek gatnaşyşy bolar. Mundan ozal Türkmenistanyň atletleri 2008-nji ýylda Pekinde, 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpia oýunlaryna gatnaşypdy.

Umyt beriji ýagdaý

Ýerli sport janköýerleri bu ýagdaýyň, eger garaşsyzlykdan soňky 17 ýyl bilen deňeşdirilende, nähilem bolsa umyt berýändigini, ýagny türkmen sportçylarynyň bu bäsleşige nähilem bolsa gatnaşýandygyny aýdýarlar.

Dzýuda boýunça halkara derejesindäki sport ussady Gülbadam Babamyradowa ugradyş dabarasynda türkmen toparynyň adyndan gürläp, Olimpia oýunlarynda üstünlik gazanmaga umyt baglaýandygyny aýtdy.

Gülbadam Babamyradowa 2014-2015-nji ýyllarda iki gezek ýurduň iň gowy atleti diýen derejä mynasyp bolupdy, halkara derejesindäki dünýä we Aziýa ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläpdi. Ol Braziliýada 52 kg agrama çenli kategoriýada çykyş etmeli.

Türkmenistanyň olimpia ýygyndysynyň ýene bir umyt bildirilýän atleti boksçy Arslanbek Açylow. Ol iýun aýynda Bakuwda, Azerbaýjanyň paýtagtynda finala ýetmegi başardy. Ol şonda täjigistanly, taýpeýli, Şweýsariýaly, italiýaly we hindistanlly bäsdeşlerinden üstün çykdy diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Olimpia oýunlarynda agyr atletika boýunça bäsleşmäge hukuk gazanan Hojamuhammet Toýçyýew Daşkentde geçen Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň Olimpia ýygyndysynyň hatarynda agyr atletikaçy Gülnabat Kadyrowa, dzýudoçy Ruşana Nurjowowa, ýeňil atletikaçylar Amanmyrat Hommadow we Ýelena Rýabowa, ýüzüjiler Merdan Ataýew we Darýa Semanowa dagy hem bar.

Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä, türkmen sportçylary ýylda dürli derejelerdäki ýaryşlarda onlarça altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolýarlar. Emma bu sözi Olimpia medaly barada aýdyp bolmaýar.
Ýerli sport janköýerleriniň köpüsiniň pikirine görä, bu ýurtda sportuň köpçülikleýin çärä öwrülip bilmezligi bilen bagly.

Emma türkmen mediasy ýurtda uly-uly sport desgalarynyň gurulýandygyny, döwlet tarapyndan, prezident tarapyndan sport çärelerine, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda türkmen mediasy sportçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýeterlik maglumat bermeýär. Azatlyk radiosyna ýurt içinden gowuşýan maglumatlara görä, soňky ýyllarda gurulýan sport mekdepleriniň bir topary gyş aýlarynda gowy işlemeýär, sebäbi olaryň içiniň ýyladyş sistemasy gowy däl.

Sport kadrlary

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedowyň özüniň hem hökümet mejlislerinde tassyklaýşy ýaly, sport mekdeplerinde işini gowy bilýän sport kadrlary ýeterlik däl.

Ýerli sport janköýerleri sport kadrlaryny taýýarlamakda sowet döwründe bolan tejribeleriň hem ýitirilendigini, ýagny şol wagt pedagogiki uçilişelerde hem ýörite orta bilimli bedenterbiýe mugallymlarynyň taýýarlanylandygyny aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan trenerleriň käsi çagalara tälim berip alýan aýlyklarynyň maşgala eklemäge ýetmeýändigini, daşyndan başga iş bilen meşgullanmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de, halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türkmen komandalarynyň maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan halatlarynyň hem seýrek däldigi aýdylýar.

Türkmenistanyň umyt bildirilýän sport ussatlaryna dolanyp gelsek, ýurduň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony, halkara derejesindäki sport ussady Ümürbek Bazarbaýew şu ýyl gadagan edilen kuwwatlanydyryjy ulanyp, dört ýyllyk ýaryşdan çetleşdirildi.

XS
SM
MD
LG