Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Trumpyň Krym baradaky çykyşyna ähmiýet bermeýär


Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko, 22-nji mart, 2016
Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko, 22-nji mart, 2016

Ukrainanyň BMG-däki ilçisi ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Trumpyň Orsýetiň Krymy öz düzümine goşmagyny ykrar etmek meselesine seretjekdigi barada aýdan sözüne ähmiýet bermeýändigini mälim etdi.

“Jenap Trump Birleşen Ştatlaryň prezidenti däl, hiç bolmanda häzir”, diýip Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko 28-nji iýulda Nýu Ýorkda aýtdy.

Ýelçenko bu sözleri bilen Trumpyň 27-nji iýulda eden çykyşyna jogap berdi.

Trump Orsýete ýol açmak üçin onuň Krymy anneksiýa etmegini ykrar edip-etmezlik we Moskwa garşy sanksiýalary ýatyrmak meseleleri soraga goýmagy teklip etdi.

Ak Tam ABŞ-nyň Krymyň anneksiýa edilmegine degişli garaýyşynda üýtgeşikligiň bolmajagyny 28-nji iýulda aýtdy.

XS
SM
MD
LG