Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri merkezi aziýaly kärdeşleri bilen duşuşýar


Jon Kerri
Jon Kerri

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Waşingtonda Merkezi Aziýa döwletleriniň -Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşýar.

Bu С5+1 formatyndaky diplomatik platformada, ministrler derejesinde geçirilýän ikinji duşuşyk bolup, onda regional howpsuzlyk, ykdysady gatnaşyklar, daşky gurşaw, klimat özgermesi we ynsanperwerçilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundanam başga, Kerri we ministrler 2015-nji ýylyň noýabrynda, Özbegistanyň Samarkant şäherinde şu formatda bolan ilkinji duşuşykdan soň işçi toparlaryň işläp taýýarlan we teklip eden bäş proýektine sereder.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, duşuşykdan soň, döwlet sekretarynyň orunbasary Antony Blinken merkezi aziýaly ministrler we ABŞ-nyň tanymal ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary bilen nahar başynda duşuşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 21-nji asyrdaky ösüş ideýalary barada pikir alşar.

Soňra ABŞ-nyň Söwda palatasynyň merkezi aziýaly ministrleriň we ABŞ-nyň esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçy işgärleriniň gatnaşmagynda biznes forumyny geçirjekdigi habar berilýär. Bu forumda özara baglanyşykly we abadançylykly Merkezi Aziýanyň mümkinçilikleri we öňde duran synaglary barada maslahat ediler.

Şeýle-de, Söwda palatasy Merkezi Aziýa döwletleriniň Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlap, regionyň özboluşly medeni mirasy, ABŞ-nyň hökümeti, biznes, ylmy we medeni guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça medeni çäre hem geçirer.

Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Birleşen Ştatlar özüniň Merkezi Aziýa döwletleri bilen arasyndaky gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin, C5+1 formatyndaky duşuşyklary geljekde-de dowam etdirer.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Daniel Rosenblum geçen hepde, C5+1 toparynyň ýyllyk ýygnagynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň söz azatlygy boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmelidigini ýatlatdy.

“Biz Türkmenistany söz azatlygy boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmäge, media azatlygyna we žurnalistlere erkin işlemäge rugsat bermäge çagyrýarys” diýip, Rosenblum 28-nji iýulda beren maglumatynda belledi.

Türkmenistanyň metbugatynda bu duşuşyk barada hiç zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG