Türkmenistanyň parlamentiniň resmi topary 3-4-nji awgustda Pakistana sapar eder.
Resmi maglumatlara görä, Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň baştutanlygyndaky türkmen kanun çykaryjylary Yslamabada prezidentiň tabşyrygy boýunça türkmen-pakistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin barýarlar.
Türkmenistanyň kanun çykaryjy organy bolan parlamentiň resmi toparynyň mundan öňki daşary ýurt sapary iýun aýynyň başynda Orsýete amala aşyrypdy.
2007-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Mejlise baştutanlyk edýän Akja Nurberdiýewa parlamentiň Türkmenistanda çäksiz prezidentlige ýol açýan täze konstitusiýany ýylyň aýagyna çenli kabul etjekdigini habar berdi.