Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Gazagystan bilen serhedini ýapdy


Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky serhet
Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky serhet

Türkmenistan Gazagystan bilen umumy serhedini wagtlaýyn ýapdy. Gazak tarapynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz kararyny howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündiripdir.

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän günbatar Mangystau regionynyň resmileri serhediň 4-nji awgustdan bäri ýapyk galýandygyny aýdýarlar we türkmen resmilerine salgylanmak bilen bu çäräniň azyndan 5 günläp dowam etjekdigini aýdýarlar.

Mangystau regionynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş gün möhletli wizasyz syýahat etmäge hukukly.

Aşgabat türkmen-gazak serhedini soňky günlerde ikinji gezek ýapýar. 20-nji iýulda Türkmenistan howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirip, serhedi bäş günlük ýapypdy.

Türkmenistanyň serhedi ýapmak bilen bagly hereketleriniň Gazagystanda iýun we iýul aýlarynda polisiýa bölümlerine edilen adam pidaly hüjümler bilen bagly bolup-bolmazlygy belli däl.

XS
SM
MD
LG