Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Eýranda ölüm jezasyny ýazgardy


BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Hussein
BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Hussein

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein Eýranda şu hepdede 20 adamyň asylyp jezalandyrylmagyny “uly adalatsyzlyk” diýip atlandyrdy.

Hussein 5-nji awgustda eden beýannamasynda jezalandyrmalaryň “çylşyrymly jenaýat işleriniň, aýyplanýanlaryň adalatly sud edilmegine bolan hak-hukuklarynyň depelenmeginiň” netijesinde amala aşyrylandygyny belledi.

Maglumatlarda şu hepdede ölüme höküm edilenleriň tas ählisiniň kürt jemgyýetinden bolan sünni musulmanlardygy çak edildi.

Resmiler agzalanlaryň kürt regionlaryndandygy we olaryň “Tawhid” we “Jihad” toparlaryna degişlidigini aýtdylar.

“Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, esasan şaýy ilatly Eýranda şu ýyl azyndan 977 adam ölüm jezasyna höküm edildi. Gurama Eýranyň Hytaýdan soň dünýä derejesinde ölüm jezasyny iň köp berýän ýurtdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG