Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paralimpiada Komiteti rus türgenlerini Olimpiadadan gyraklatdy


Russiýanyň Paralimpiýa komiteti
Russiýanyň Paralimpiýa komiteti

Paralimpiada gözegçilik edýän halkara gurama Braziliýada geçjek oýunlara gatnaşmakçy bolýan rus toparynyň ähli türgenlerini Olimpiadadan doly çetleşdirdi.

Paralimpiýa boýunça Halkara Komitet 7-nji awgustda ýaýradan beýanatynda rus hökümetiniň türgenleriň gadagan edilen kuwwatlandyryjylary ulanmagynda eliniň bolandygyny aýdyp, munuň bilen kuwwatlandyryjylary ulanmaýan sportsmenlere “görlüp-eşidilmedik derejedäki hüjümiň edilendigini” aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa bu karar sebäpli ýaryşlardan çetleşdirilen türgenleriň adam hukuklarynyň bozulandygyny aýtdy.

“Russiýanyň tutuş toparyny Paralimpiadadan çetleşdirmek zalym we adamçylykdan çykýan bir karar. Bu häzirki zaman dünýäsiniň özeni bolan iň beýik adamçylyk standartlarynyý depelenmegi boldy” diýip, Zaharowa özüniň Facebook hasabynda ýazýar.

Russiýanyň adam hukuklary boýunça aktiwisti Lýudmila Alekseýewa munuň “gynandyryjy, nähak we zalym” bir karar bolandygyny aýtdy.

Sport boýunça aklawçy Artýom Patsew 7-18-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Paralimpiada oýunlary boýunça gelnen netijäniň üstünden şikaýat edip bolýandygyny aýdýar.

Gadaganlyk Paralimpiada gatnaşmakçy bolan 270 töweregi rus türgenine täsir etdi.

Paralimpiýa boýunça Halkara Komitetiň prezidenti Filip Krawen rus paralimpiadaçylarynyň bozulan bir sistemanyň bölegi bolandygyny aýdyp, kuwwatlandyryjylary ulanmaýan sportsmenlere özüniň goldawyny bildirdi.

Komitetiň bu baradaky karary Halkara Olimpiýa Komitetiniň gelen netijesinden düýpgöter tapawutlanýar. Olimpiýa Komiteti bu ädimden el çekip, belli-belli sport federasiýalaryna gadagançylyk girizdi.

Dopinge garşy bütindünýä agentligi WADA orsýetli türgenleriň dowamly doping ulanýandygy baradaky hasabatyny ýaýradyp, onda orsýetli türgenleriň gadagan edilen dermanlary döwletiň goldamagy bilen yzygiderli ulanýandygyny nygtaýar. Dokumentde 35 sany rus paralimpiadaçysynyň atlary agzalýar.

XS
SM
MD
LG