Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň, Türkiýäniň prezidentleri gepleşikleri geçirýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin dartgynly gatnaşyklaryň soňuna ýetmek maksady bilen gepleşikleri geçirýärler.

9-njy awgustda Sank-Peterburgda geçirilýän gepleşiklerden bir gün ozal, Erdogan Orsýet bilen gatnaşyklara täze arassa sahypadan başlamagy we birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlygy gaýtdan dikeltmegi isleýändigini aýtdy.

“Rus-türk gatnaşyklarynda täze sahypa açylar. Bu täze sahypa harby, ykdysadyýet we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alar” diýip, Erdogan “TASS” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar geçen ýylyň noýabr aýynda Türkiýe özüniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda rus söweş uçaryny urup ýykandan soň ýaramazlaşypdy.

XS
SM
MD
LG