Azatlygyň çeşmeleri nebit-gaza baý Türkmenistanyň ýangyç bahalaryny bellenen nyrhlarda saklamak syýasatynyň häzirden, Täze ýyla geçilmänkä ‘petige diräne’ meňzeýändigini, ilat arasynda aladaly gürrüňleriň köpelendigini habar berýärler.
Ýatlatsak, Azatlyk geçen aý Türkmenistanyň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde, hususan-da, Mary welaýatynda benzin we dizel gytçylygynyň has ýitileşendigini habar beripdi.
Azatlygyň habarçysynyň 29-njy dekabrda, ýyl çalyşmasynyň öň ýanynda ýazmagyna görä, ýangyç guýujy beketler sarp edijilere goýberilýän ýangyjy şu ýylyň başyndan bäri bellenen bahadan, görkezilen nyrhdan 1,5, iki esse gymmat bahadan, näresmi ýagdaýda satýar.
Azatlyk bu hili näresmi, ýazgyda bir, hakyky söwdada başga bahalar barada öňem habar beripdi we bu ýagdaýy maglumat üçin ýapyk ýurduň häkimiýetlerine ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bolýar.
Ýangyjyň ýazgyda bir, tölegde başga bahasy bir ýyl dowam etdi
Aýry-aýrylykda gürleşilen sürüjileriň tassyklamagyna görä, litri bir manat diýlip görkezilen pes hilli benzin 1 manat 50 teňňeden satylsa, bahasy 1 manat 50 teňňe diýlip görkezilen benzin 2 manatdan satylýar.
Azatlygyň çeşmesi bu hili bikanunçylygyň dizel söwdasynda hem dowam edýändigini aýtdy.
Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän ýangyç guýujy beketlerde ýangyç üçin sowlan ýük ulaglarynyň sürüjilerine görkezilen bahadan berilýän ýangyjyň ýokdugy, has anygy bolandygy, ýöne satylyp gutarandygy aýdylýar diýip, çeşme aýtdy.
Eger-de sürüji soralýan nyrhdan dizel ýangyjyny satyn almaga kaýyl bolsa, ýük ulaglarynyň sürüjilerine bu ýangyjyň her litri iki manatdan satylýar diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüji bu aýdylýanlary tassyk etdi.
Türkmenistanyň beketlerindäki ýangyç üpjünçiligi soňky günlerde gün saýyn ýaramazlaşýar, benzin, dizel ýangyçlary günüň aglaba böleginde tapdyrmaýar diýip, habarçylarymyz 25-nji noýabrda hem habar beripdiler.
Bu maglumatlar türkmen prezidentiniň Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyran wagtyna gabat geldi.
Emma söhbetdeşlerimiz ýangyç söwdasynda dörän ýagdaýyň uzak wagt bäri çylşyrymly bolup galýandygyny belleýärler.
“Hökümet ulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň sarp edýän ýangyjy Türkmenistanda daşary ýurtlardan satyn alnan enjamlary ulanmak, daşary ýurtly hünärmenleriň tejribelerini ulanmak bilen öndürilýär. Nebiti ilki gazyp alyp, soň täzeden işläp, dürli görnüşli ýangyç öndürýärler. Soň ol ýangyçlary sarp edijilere bellenen nyrhdan, real bolmadyk arzan bahadan satmak mundan aňryk başartmazmyka diýýärin” diýip, ýerli çeşme aýtdy.
Arzan ýangyç öndüriji kärhanalara ‘gymmat düşýär’
Onuň sözlerine görä, ýangyjyň emeli ýagdaýda arzan satylmagy ony öndürýän kärhanalara ‘gymmat düşýär’, ykdysady taýdan girdejili däl, eýsem kän çykdajyly bolýar.
Şeýle-de, çeşme ýangyç öndürijileriň ykdysady ýagdaýyna milli manadyň her ýyl, yzygiderli hümmetsizlenmeginiň hem ‘zyýan bolýandygyny’, olaryň özüni ödemeýändigini öňe sürdi.
“Döwlet tarapyndan bellenen bahalar ýangyç öndüriji kärhanalar üçin çykdajyly bolýar, olar özüni ödäp bilmeýär, bu oýlanyşyksyz syýasat nebit pudagynyň barha pese gaçmagyna sebäp boldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenleriň tassyklamagyna görä, ýangyjy gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýolbaşçylary türkmen hökümetiniň ýokardan nyrh kesmek, ýangyjy içerki bazarda arzan bahadan satmak talabyny saklap galmagynyň ‘uly zyýan berýändigini’ açyk aýdyp bilmeýärler.
“Ýangyjyň içerki bazarda ýokardan bellenen arzan bahadan satylmagyny talap etmek nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň peýdasyna ters gelýär, emma muny aýdyp bilmän, özleriçe çözgüt tapyp, ýangyç guýujy beketlere näresmi bahadan satmak barada dilden görkezme berýärler” diýip, çeşme bu ýagdaýyň üýtgedilmegine bireýýäm wagt ýetendigini belledi.
Iki hili baha söwdanyň hiline, beketlere gelýän sürüjilere edilýän hyzmatyň medeniýetine hem uly täsir ýetirýär; daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän we üstaşyr geçýän ýük ulaglary sowulsa, ýangyç guýujylar olary höwes bilen garşy alýarlar, sebäbi olar bir litr dizel ýangyjyna 2 manatdan töleg töleýärler.
Bu ýagdaý, aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ýük ulaglarynyň sürüjilerini daşary ýurtly ýük ulaglary gelýän bolsa, ulaglaryny beketleriň golaýynda saklap, garaşyp durmaga mejbur edýär.
Türkmenistanly sürüjileriň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlularyň ýük ulaglaryna bukulyp, olary öňe salyp barsaň, ýangyç almak aňsat bolýar, eger olar bolmasa, ýerli sürüjilere köplenç ‘ýangyç ýok’, ‘gutardy’ diýip jogap berýärler.
“Eger daşary ýurtlaryň döwlet belgili ulaglaryna ýangyç guýup duran wagtlarynda barsa, ýerli ulaglaryň sürüjilerine ýangyç gutardy diýip bilmän, mejbury guýmaly bolýarlar” diýip, bir sürüji aýtdy.
Habarçymyz bilen gürleşen hünärmenler ýurtdaky baha, nyrh gözboýagçylygynyň näçe wagt dowam etjekdiginiň belli däldigini, emeli arzanlygy zor bilen saklamagyň kärhanalara barha agyr düşýändigini aýdýarlar.
Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan habarlara görä, ilat arasynda häzir gelýän ýylda ýangyç bahalary hem gymmatlajakmyş diýen howsalaly gürrüňler edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum