Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hazarda harby türgenleşikleri geçirdi


Harby maşklar, Hazar deňizi, 2012.
Harby maşklar, Hazar deňizi, 2012.

Türkmenistan “Hazar -2016” atly harby-taktiki okuw türgenleşiklerini geçirdi.

Harby maşklaryň planyna laýyklykda, Türkmenistanyň Harby deňiz güýçleriniň “Edermen” we “Gaýratly atly raketaly gämiler, “Algyr” we “Hanjar” atly sakçy gämiler suw üsti nyşanlara zarba urdular, diýip döwlet mediasy habar berdi.

Resmi maglumatlarda bu harby-deňiz türgenleşikleriň ýurduň ýaragly güýçleriniň goranyş ukybynyň, harbylaryň söweş taýýarlygynyň we olaryň döwrüň ösen harby tehnikasyny dolandyrmakdaky ussatlygynyň ýokary derejesini görkezendigi habar berildi.

1995-nji ýylyň dekabr aýynda özüniň bitarap döwletdigini yglan eden Türkmenistan şu ýylyň başynda tassyklan harby doktrinasynda Harby-deňiz güýçlerini ösdürmek programmasyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň 600 kilometre golaý deňiz serhedi bar.

XS
SM
MD
LG