Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Abdullah Ghanini durnuksyzlyk döretmekde aýyplady


Owgan hökümetiniň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullah (ç) we prezident Aşraf Ghani (s).
Owgan hökümetiniň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullah (ç) we prezident Aşraf Ghani (s).

Owgan hökümetiniň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullah prezident Aşraf Ghanini berk tankyt etdi we ony agzybirlik taýdan gowşak hökümetde dartgynlylyk döretmekde aýyplady.

Abdullah 11-nji awgustda agşam eden çykyşynda Ghaniniň ýurdy dolandyrmaga mynasyp däldigini, onuň hyzmatdaşlyk etmekde we saýlaw reformalaryny geçirmekde şowsuzlyk görkezendigini aýtdy.

“Hökümet ysmaz ýagdaýda we ministrleriň geplemäge mümkinçiligi ýok”, diýip Abdullah telewizion çykyşynda aýtdy.

Ghaniniň edarasy Abdullahyň çykyşyna köpçüligiň öňünde entek resmi jogap bermedi.

Abdullahyň bu çykyşy Ghaniniň we Abdyllahyň 2014-nji ýylda prezidentlik saýlawlarynda ýeňiz gazanansoň düzen hökümetindäki durnuklylygy sorag astyna goýýar.

Owganystanyň öňki daşary işler ministri Abdyllah Abdyllah üçin hökümetiň baş dolandyryjysy wezipesi saýlawlaryň yzýanyndaky durnuksyzlygyň soňuna çykmak maksady bilen ABŞ-nyň araçylygynda gelnen ylalaşygyň netijesinde döredilipdi.

XS
SM
MD
LG