Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 12 müň tussagy amnistiýa etmek barada kanuny parlamente hödürledi.
Täjigistanyň prezidentiniň metbugat-gullugynyň 17-nji awgustda aýtmagyna görä, parlamentiň garamagyna berlen kanunda üç müňden gowrak tussag türmelerden boşadylar, dört müňden gowrak adam şertli tussaglyk ýa-da türme tussaglygyna bagly bolmadyk jezadan doly boşadylar.
Şeýle-de metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, bäş müňden gowrak adamyň tussaglyk möhleti çäklendiriler, ýa-da dowam edýän derňewler ýatyrylar.
Amnistiýanyň aýallara, ýetginjeklere, ýaşy 55-den geçen adamlara, uruş hem harby operasiýalaryň weteranlaryna degişli boljakdygy bellenýär.
Täjigistanyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlanyp geçiriljek amnistiýada adam öldürmek, terrorizm, dini ekstremizm we beýleki agyr jenaýatçylyklar üçin tussag astyna alnan bendileriň boşadylmajagy barada metbugat-gullugy habar berdi.