15-nji awgustda Siriýa hökümetiniň howpsuzlyk organlary bilen ýakyn ilteşikli "Al-Masdar News" neşiri Orsýetiň TU-22M3 kysymly uzak aralyk üçin niýetlenilen bombalaýjy uçarynyň Eýranyň Hamadan howa meýdanynda alnandygy aýdylýan birnäçe suratlaryny çap etdi. Şol günüň ertesi Orsýetiň döwlet mediasynda ýurduň bombalaýjy uçarlarynyň Eýran bazasyndan uçup, Siriýanyň Halap, ýagny Aleppo, Deir ez-Zor we Idlib welaýatlaryndaky nyşanalara zarba urandyklary barada habarlar peýda boldy.
Siriýaly aktiwistler we ýurduň raýatlary Internetde agyr weýrançylyklary görkezýän wideolary ýerleşdirdiler, howadan urlan zarblaryň uly ýitgilere getirendigi aýdylýar. Bu weýrançylyklaryň käbiriniň Orsýetiň TU-22M3 uçarynyň işi bolmagy ähtimal.
Orsýetň Goranmak ministrligi tarapyndan çykarylan beýannamada 15-nji awgustdaky zarbalarda "Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň we “Jabha Al-Şamyň” (“Al-Kaýda” bilen ilteşikli ozalky “Al-Nusra fronty”) jeňçileri öldürildi diýilse-de, Birleşen Ştatlaryň "Yslam döwletine" garşy Yrakda we Siriýada alyp barýan harby operasiýasynyň (Operation Inherent Resolve) sözçüsi polkownik Kristofer Garwer žurnalistlere biz Orsýetiň aglaba zarbalarynyň gönükdirilýän sebitleri Aleppo bilen Idlibde "Yslam döwletiniň köpçülikleýin bolýan" ýerlerini göremzok diýdi.
Amerikanyň döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner hem Orsýetiň harby uçarlary "hemişekisi ýaly, esasan, Siriýanyň aram oppozision güýçlerini nyşana alana meňzeýär" diýdi.
Bombalaýjy uçarlar
Orsýetiň harby howa güýçleri 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri tutuş Siriýada howa zarbalaryny amala aşyrýar. Bu operasiýalarda ulanylan uçarlaryň köpüsi Orsýetiň demirgazyk Siriýada Latakiýadaky howa bazasyndan uçuryldy. TU-22M3 kysymly uçarlar Orsýet tarapyndan Siriýada ozal hem ulanylman duranokdy. Ýöne olar Moskwanyň bu ýerdäki uçuş-gonuş zolagynyň kabul etmek mümkinçiliginden uly bolandygy üçin Orsýetden uçuryldy. Eýranyň howa bazasyndan peýdalanylmagy bombalaýjy uçarlaryň aşmaly ýoluny gysgaldýar, şol sebäpden Orsýetiň harby-howa güýçleri wagt we ýangyç tygşytlap bilýärler.
Bombalaýjy uçarlaryň Orsýetiň alyp barýan operasiýa başarnygyna uly goşant goşýandygy şübheli. Assada garşy söweşýän gozgalaňçylarda TU-22M3-den atylýan raketalar bilen dargadylar ýaly agyr berkidilen pozisiýalar ýa çylşyrymly tanklar ýok. Aslynda bolsa Orsýet bu uçarlary Siriýada şäherdir obalary doly bombalamak üçin ulanýar. Bu hem parahat ilaty dargatmaga gönükdirilen taktika. Orsýet bombalaýjy uçarlary olardan kruiz raketalaryny atmak üçin hem ulanýar, ýöne köp ekspertleriň pikiriçe, bu bir taktiki däl-de, ilkinji nobatda, simwolik ähmiýetli zat.
Orsýetiň bombalaýjy uçarlary ulanmagy welin ýöne ýere däl. Ilki bilen Orsýet 2015-nji ýylyň güýzünde kruiz raketalaryny ulanmga başlanynda, bu raketalar Eýran bilen Yragyň howa giňişliklerinden geçýänligi sebäpli uçuş planlary üçin bu ýurtlaryň razylygy gerek bolýardy. Bu hepde hem Orsýet kruiz raketalaryny atmakda Eýran bilen Yragyň howa giňişliklerini ulanmak üçin rugsat aldy. Şeýdip Orsýet özüniň Siriýadaky missiýasynyň kanunydygyny we beýleki döwletler tarapyndan oňlanandygyny garşydaşlaryna duýdurdy.
Orsýetiň howa zarbalary
Ikinjiden, Orsýet howa zarbalary bilen "Yslam döwletine" garşy uruşýan we Amerikanyň goldawyny alýan ýaragly güýçleri nyşana alanynda-da, Moskwanyň öz ýaranlaryny Kremliň ähli güýji bilen goldamaga taýýardygyny we hiç bir zadyň onuň öňüni alyp bilmejekdigini ýeke siriýalylara däl, eýsem bütin dünýä görkezdi.
2015-nji ýylyň tomsunda Orsýet howa kampaniýasyna başlamazdan öň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşuny köp etraplary Assada garşy gozgalaňçylara aldyrypdy. Gozgalaňçylar gitdigiçe hökümetiň kontrollygyndaky regionlara aralaşýardylar. Orsýetiň interwensiýasyndan maksat oppozision güýçleri basyp ýatyryp, ýagdaýy üýtgetmekdi. Bu iş birnäçe wagtyň dowamynda başartman hem durmady. Kampaniýadan soňra gozgalaňçylar yza çekilip başladylar, Siriýa hökümetiniň güýçleri hem Orsýetiň harby howa güýçleriniň, Hizbullanyň söweşijileriniň, yrakly şaýy militantlaryň we ”Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň” kömegi bilen ilerläp başlady.
Ýöne öten aý siriýaly gozgalaňçylaryň Alepponyň gabawyny böwsüp, ýagdaýy üýtgetmegi Assadyň harbylarynyň gowşakdygynyň subutnamasy boldy. Indi ýene-de Orsýetiň özüniň konflikte göni goşulmagyny güýçlendirip, gozgalaňçylary yza serpikdirmäge synanyşmagy mümkin.
Göni serhetlerinden uzaklarda
Üçünjiden, Orsýet özüniň göni serhetlerinden uzaklarda-da uruş alyp barmaga häzirem ukyplydygyny görkezdi, şol bir wagtyň özünde-de ozal synagdan geçirilmedik ýarag sistemalaryny görkezdi. Bular hem ýarag bazarlarynda Orsýete köp pul getirip biler.
Orsýetiň ýene bir ýaman niýetiniň bolmagy mümkin. 2015-nji ýylyň güýzünde, Orsýet bombalamak kampaniýasyna ýaňy başlanynda, Idlib welaýatynda Kafranbel şäheinde ýaşaýan tanymal siriýaly aktiwist Raed Fares maňa şäher Amerika tarapyndan goldalýan gozgalaňçy “Forsan al-Hak” toparynyň kontrollygyndaka we iki ýyl bäri şäheriň töwereklerinde "Yslam döwletiniň" elinde saklanýan hiç bir ýer ýokka, Orsýetiň bir howa zarbasynyň gorkunç, ozal görlüp-eşidilmedik partlama döredendigini gürrüň berdi. Assada garşy rewolýusiýada simwola öwrülen we 2012-nji ýyldan bäri Assad tarapyndan bombalanyp gelinýän Kafranbele ýowuz zarba urulmagy köp zatlary aňladýar.
Fares şonda maňa: "Assad bizi ençeme ýyllap gyryp gezdi, ondan soň Hizbullah, Eýran indi hem Orsýet. Bularyň hemmesi bizi öldürýärler, dünýäde biziň aladamyzy edýän ýok" diýdi. Assadyň tarapyny çalýan ýaranlygyň strategiýasynyň esasy düzümi Fares ýaly adamlary Siriýadan kowup çykarmak ýaly bolup görünýär. Aram toparlar öldürilse ýa bosguna öwrülip, ýa-da radikallaşyp, ýurtda diňe jyhadçylar bilen Assadyň tarapdarlary galsa, onda Orsýetiň Assada garşy toparlaryň hemmesi terrorist diýýäni dogry bolup çykar.
Galyberse-de, mundan hem beýläk bulagaýlyk turup, bosgunlaryň köpelmegi Assad bilen Orsýetiň bähbidine. Köpsanly bosgunlar Assadyň regional garşydaş ýurtlaryna gaçyp barar, netijede olaryň güýji gowşar. Beýlekiler hem Ýewropa gaçar. Bu ýerde hem Ýewropa Bileleşigini içinden gowşatmaga synanyşýan aşa sagçylar we şol sanda kremlçi, Ýewropa şübheli garaýan syýasy partiýalar bar.