Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Orsýetiň raýaty tussag edildi


“Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň baýdagy.
“Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň baýdagy.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Yrakdaky we siriýadaky “Yslam döwleti” atly ekstremist topar üçin gyrgyzystanlylary hakyna tutmakda güman edilýän bir orsýet raýatynyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Bişkek şäher polisiýa departamentiniň metbugat wekili Oljobaý Kazabaýewiň 26-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän şübheli gyrgyz paýtagtyndaky öýde granat, ýarag serişdeleri we “Yslam döwleti” atly topary propaganda edýän materiallar tapylandan soň tussag edilipdir.

Şübheliniň şahsyýeti köpçülige mälim edilmedi. Ýöne Kazabaýew onuň 1973-nji ýylda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda dogulandygyny aýtdy.

Şu aýyň başynda Gyrgyzystanyň Döwlet Milli Howpsuzlyk Komiteti soňky ýyllarda 600 çemesi gyrgyz raýatynyň Siriýadaky we Yrakdaky ekstremist toparlara goşulandygyny, olaryň 100-den gowragynyň zenandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG