Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowan polisiýasy protestçiler bilen çaknyşdy


Moldowan protestçileri
Moldowan protestçileri

Moldowan polisiýasy öňki sowet respublikasynyň garaşsyzlyk baýramy mahalynda hökümete garşy protest bildirýän adamlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

27-nji awgustda Kişinýowyň esasy meýdançasynda ýüzlerçe demonstrasiýaçy toplandy.

Haçanda prezident Nikolaýe Timofti we beýleki resmiler 15-nji asyryň moldowan gahrymany Beýik Stiweniň ýadygärligine gül çemenini goýanda, köp adam «Ogrular» , «Utanyň» diýip gygyryşdylar.

Berk polisiýa gurşawy netijesinde meýdança girmek rugsady sähelçe adama berildi. Çaknyşyklarda ýaraly bolanlar hakynda maglumat berilmedi.

Timofti 27-nji awgustda sözlän sözünde Moldowanyň garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň, ilatyň isleginiň garşysyna, ýurtda daşary ýurt harbylarynyň bolmagy zerarly wehim astyndadygyny aýtdy.

Ol orsýetçi separatistleriň ýerleşýän Pridnestrowiýa sebitinde 1000 çemesi rus parahatçylyk esgeriniň saklanmagyny nazarda tutýardy.

XS
SM
MD
LG