Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' Uruzgan welaýatynyň paýtagtyna basyş edýar


Owgan harbysy Kandahar- Tarin Kowt gara ýoluň ugrundaky barlag-geçiş nokadynda
Owgan harbysy Kandahar- Tarin Kowt gara ýoluň ugrundaky barlag-geçiş nokadynda

Owganystanyň resmileri “Talybanyň” söweşijileriniň ýurduň günortasynda ýerleşýän Uruzgan welaýatynyň paýtagtyna basyş edendigini aýdýarlar.

Welaýatyň metbugat-wekili Doost Mohammad Naýab 8-nji sentýabrda irden Tarin Kowt şäheriniň daşyndaky ähli barlag-geçiş nokatlarynyň dargadylandygyny ýa-da ýumrulandygyny habar berdi. Şeýle-de onuň sözlerine görä, howpsuzlyk güýçleri şäheriň diňe polisiýasynyň edarasyna gözegçilik edýärler.

Welaýatyň liderleri owgan harbylarynyň bazasy bolan şäher aeroportuna çekildiler, diýip ady görkezilmedik polisiýa resmisi habar berdi.

Yzysüre welaýat polisiýasynyň müdiri Mohamad Wais Samimi “Talybanyň” Tarin Kowtdan yza serpikdirilendigini aýtdy.

Uruzgan welaýatyndaky ýagdaý owgan harbylarynyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby missiýanyň Helmand welaýatynda we Gunduz şäherinde “Talybanyň” hüjümlerine garşy durýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG