Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A. P. Çehow “Emeldaryň ölümi”


Anton Çehow
Anton Çehow

Bir gün agşam ekzekutor (edarada tygşytlylykdan jogapkär işgär) Iwan Dmitriç Çerwýakow ikinji hatardaky oturgyçda oturup, dürbi bilen “Kornewil jaňlary” atly opera tomaşa edýärdi we özüni diýseň bagtly hasaplaýardy. Ýöne birden... Hekaýalarda “ýöne birden” diýen söze ýygy-ýygydan duş gelinýär. Aslynda awtorlar mamla, sebäbi durmuş garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçýän hadysalardan doly. Hawa, birden onuň ýüzi bürüşdi, gözleri süzüldi, demi tutuldy... Ol dürbini gözünden aýryp, egildi we ...asgyrdy. Asgyrmak jemgiýetde aýyp saýylmaýar. Şäherliler, polis müdürleri we hatda gizlin derňewçiler hem asgyrýarlar. Hemmeler asgyrýar. Çerwýakow hiç hili pisindini bozmady. Elýalygy bilen agzyny we burnuny süpürdi. Asgyryp töweregindäkileri biynjalyk edip-etmändigini bilmek üçin, medeniýetli bir adam höküminde emaý bilen daş-töweregini synlady. Onuň üçin utançly bir ýagdaý bardy. Garşysynda, birinji hatarda oturan bir ýaşuly hüňürdenip, öz elligi bilen ýalpyldap duran kellesini we boýnuny süpürýärdi. Çerwýakow ol ýaşulyny tanady. Ol ýollar edarasynda işleýän statistika generaly Brizžalowdy.

Çerwýakow oýlanyp, öz-özüne şeýle diýdi: “Asgyran mahalym tüýküligim onuň üstüne syçran bolmaly! Meniň başlygym bolmasa-da, gowy ýagdaý däl. Ötünç soramak gerek”.

Çerwýakow ardynjyrap, boýnuny öňe uzadyp, generalyň gulagyna pyşyrdady:

– Aly jenaplary, meni bagyşlaň, asgyran malahym tüýküligim üstüňize syçraýdy öýdýän... Tölänleýin boldy...

– Aýyby ýok, aýyby ýok...

– Hakyň hatyrasyna bagyşlaweriň, haýyş edýärin! Men ony bilgeşleýin etmedim!

– Ýeriňizde oturmagyňyzy haýyş edýärin. Bolýa, goýuň indi, gulak asalyň!

Çerwýakow lapy keý ýagdaýda manysyz ýylgyrdy-da, sahna tomaşa etmäge başlady. Ol tomaşa edýärdi, ýöne owalky lezzeti ýokdy. Gaty ynjalyksyzlandy. Arakesmede öz-özüne göwünlik berip, Birzžalowuň ýanyna baryp, pessaý ses bilen mylaýym äheňde:

– Onuň alyhezretleri, men asgyran mahalym üstüňize syçrady. Bagyşlaweriň... Wah, men...

General:

– Bes ediň indi... Men ony bireýýäm unutdym. Siz bolsa henizem ondan söz açýarsyňyz – diýdi. Şeýle sözler aýdýarka, onuň aşaky dodagy dartgynly ýagdaýda titredi.

Çerwýakow şüpheli ýagdaýda generala seredip oýlandy: “Unudypdyr. Ýöne gözlerinden ot çykýar. Gürleşmegem islänok. Bilgeşleýin etmändigimi meniň oňa ýagşy düşündirmegiň zerur. Bu tebigatyň kanuny ahbetin. Eger ýagşy düşündirmesem, hamala, men onuň üstüne tüýkürmek islän adam ýaly bolýaryn. Edil häzir şeýle pikir edýänem bolsa, soň men ýaly oýlanyp biler”.

Çerwýakow öýüne gelenden soň öz edepsizligini aýalyna gürrüň berip, oňa sala salypdyr. Aýaly ilki bada gaty gorkupdyr. Ýöne Brizžalowuň “başga” başlykdygyny bilensoň arkaýynlaşypdyr.

Onuň aýaly:

– Her näme-de bolsa sen ýene onuň ýanyna baryp, gaýtadan ötünç sora. Ýogsa ol seniň jemgiýetde özüňi nähili alyp barmalydygyny bilmeýän biri hasap eder!

– Hut şeýle-de etdim! Ötünç soradym. Ýöne ol özüni gaty geň alyp bardy... Heňe geljek oňaýly bir söz aýtmady. Gürleşmäge-de wagty ýokdy.

Ol günüň ertiri Çerwýakow täze witsmundirini geýdi, özüni dellege ýagşy timarlatdyryp, düşündiriş bermek üçin, Birzžalowuň ýanyna ugrady... Generalyň kabul otagyna baran mahaly, ol ýerde öz işi-pişesi bilen gelen birtopar adama gözi düşdi. Generalyň özüi hem olaryň arasynda otyrdy. Ol gelenleri ýaňy kabul etmäge başlapdy. Birnäçe adamdan näme sebäpden gelenini sorandan soň, Çerwýakowa seretdi.

– Onuň alyhezretleri, düýn eger ýadyňyza düşýän bolsa men arkaňyzda otyrdym – diýip, ekzekutor düşündiriş bermäge başlady. – Men asgyrdym welin, siziň üstüňize tüýküligim syçrady...

-Heý, beýle-de bir manysyz söz bolar oguşýa! Beýle zat bolup bilmez! – diýip, general başga bir adama ýüzlendi: – Siziň näme zerurlugyňyz bar?

Çerwýakow ýüzi agaran esgä dönüp, oýa batdy: “Asla gepleşmek islänok! Diýmek, gaty gahary gelipdir... Ýok, meseläni beýle goýup bolmaz... Men oňa ýagdaýy düşündirmesem bolmaz...”

General ahyrky adam bilen gepleşip bolansoň, öz otagyna tarap ugran mahaly Çerwýakow onuň ýyzyndan ýetip hümürdendi:

– Onuň alyhezretleri! Jenabymyzy biynjalyk eden bolsam, öz puşmanlygymy düşündirip, ötünç soramak islänim üçindir!... Özüňiz bilýäňiz, men ony bilgeşleýin etmedim!

General aglaýjak ýaly bolup kürşeren ýüzüni eli bilen ýelpäp:

– Jenap, siz meni gowy tanamansyňyz! – diýiň, içerik giripdir.

Çerwýakow oýlanyp, öz-özüne şeýle diýdi: “Siz meni gowy tanamansyňyz näme diýmek? Bu ýerde eýle-beýle tanamak ýaly bir ýagdaý ýok ahyryn! General hem bolsa ýagdaýa düşünenok! Boljak iş boldy. Men bu ýalançy pälwandan gaýdyp ötünç sorajak däl. Bar, jähenneme gitsin! Men oňa ýagdaýy düşündirip hat ýazaryn. Ýöne ony äzüne getirmerin. Walla, getirmerin!”

Çerwýakow öýüne gaýdyp barýarka şeýle oýlandy. Ol generala hat ýazmady. Gaty köp oýlandy, pikir etdi. Ýöne nähili hat ýazmalydygy barasynda bir karara gelip bilmedi. Ertir irden ýene onuň ýanyna özi gitmeli boldy.

General ýüzüni galdyryp, geňirgenip oňa nazar aýlan mahaly, ol şeýle diýdi:

– Onuň alyhezretleri, men düýn sizi biynjalyk eden mahalym, siziň aýdyşyňyz ýaly sizi gowy tanaman hereket eden ýaly bolmadym ahbetin. Men asgyran wagtym siziň üstüňize tüýküligim syçrany üçin, diňe ötünç soramana gelipdim. Sizi gowy tanamaýan adam ýaly hereket etmek meniň hiç wagtda oýuma-küýüme gelmedi. Men sizi gowy tanamaýan biri ýaly het edip bilmerin ahyryn? Başga biri birden şeýle edäýende-de biz oňa, ýaşululara hormatsyzlyk bolýandygyny duýdurmak boýnumyzyň borjy...

General gahar-gazapdan titreýärdi. Ol birden:

– Gümüňi çek şu ýerden! – diýip gygyrdy.

Gazaply sesden ýaňa oturan ýerinde daşa öwrülen Çerwýakow pyşyrdady:

– Näme diýdiňiz?

General aýagyny tapyrdadyp, gaýtadan gygyrdy:

– Ýok bol, şu ýerden!

Çerwýakowyň ähli ýürek damarlary syndy. Ondan soň onuň gözüne hiç zat ilmedi, hiç zat eşitmedem. Ýuwaşlyk bilen gapa tarap ýöredi we köçä çykyp tüýkürdi... Howlukmaç öýüne gaýdyp, wistmundirini hem çykarman diwanyň üstüne süýndi we... öldi.

XS
SM
MD
LG