Türkmenistanyň Sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy Kakabaý Seýdow wezipesinden boşadyldy.
Başga işe geçmek sebäbi görkezilip, wezipesinden çetleşdirilen Seýdow geçen aýda Rioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň yzýany käýinç hem alypdy. Riodaky Olimpiadada türkmen sportsmenleri baýrak gazanmandy.
Türkmenistanyň sport resmileri öňem halkara ýaryşlaryndan soň wezipelerinden boşadylypdy.
Eýse, ýolbaşçylaryň çalyşmagy türkmen sportunyň ýagdaýyny düzedýärmi? Sportda ösüşe ýol açýarmy?
Azatlyk Radiosy geçmişde regional sport çärelerinde baýraga eýe bolan türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!