Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowa Azerbaýjanda repressiýanyň ýokarlanýandygyny aýdýar


Hatyja Ysmaýylowa
Hatyja Ysmaýylowa

Derňewçi žurnalist we ozalky syýasy tussag Hatyja Ysmaýylowa Azerbaýjanda žurnalistlere we oppozisiýa aktiwistlerine garşy edilýän repressiýanyň ýokarlanýandygyny aýdýar.

Maýda türmeden boşadylýança 17 aý tussaglykda oturan žurnalist 16-njy sentýabrda Waşingtonda, Kongres diňlenişiginde çykyş edip, korrupsiýa hakynda ýazýan žurnalistleriň nähili kyn şertlerde işleýändigini gürrüň berdi.

«Azerbaýjan: Adam hukuklarynyň ähmiýeti barmy?» diýen at bilen geçirilen diňlenişik Tom Lantos adam hukuklary komissiýasy tarapyndan, 26-njy sentýabrda geçiriljek konstitutsiýa referendumynyň öňünden gurnaldy.

Bu referendumda saýlawçylardan prezidentiň häkimiýetini güýçlendirmek we prezidentlik möhletini uzaltmak gerekmi diýen sorag soraljak. Halkara hukuk toparlary bu referendumy berk tankyt edýär.

Ysmaýylowa bu konferensiýa öz Bakuwdaky öýünden, wideo söhbetdeşligi arkaly gatnaşdy, sebäbi onuň ýurtdan çykmagy gadagan.

Ysmaýylowa häzir Azerbaýjanyň türmelerinde 138 sany syýasy tussagyň saklanylýandygyny aýdýar.

Ol Azerbaýjanda, prezident Ylham Alyýewiň dolandyryşy astynda yzygiderli repressiýa sezewar edilýändigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG