Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 18 ýaşan erkekler harby gulluga çagyrylýar


Türkmen esgerleri

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaçylga goýbermek, harby gulluk ýaşyna ýeten ýaşlary goşun hataryna çagyrmak baradaky karara gol çekdi.

Kararda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hataryna çagyrylyp, harby gulluk edýänwe kanun esasynda bellenilen möhleti dolan esgerleri oktýabr-dekabr aýlarynda ätiýaçlyga goýbermek bellenilýär.

Şeýle-de bu karar esasynda, çagyryşdan soňa goýulmaga hukugy bolmadyk we harby gulluga çagyrylýan gününe çenli 18 ýaşy dolýan erkekleriň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga alynmagy bellenilýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG