Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Ätiýaja goýberilen esgerleriň köpüsi işsiz galýar


Aşgabat, awtobusda barýan esgerler.
Aşgabat, awtobusda barýan esgerler.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 19-нҗы сентябрда Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaçylga goýbermek, harby gulluk ýaşyna ýeten ýaşlary goşun hataryna çagyrmak baradaky karara gol çekdi.

Kararda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hataryna çagyrylyp, harby gulluk edýänwe kanun esasynda bellenilen möhleti dolan esgerleri oktýabr-dekabr aýlarynda ätiýaçlyga goýbermek bellenilýär.

Şeýle-de bu karar esasynda, çagyryşdan soňa goýulmaga hukugy bolmadyk we harby gulluga çagyrylýan gününe çenli 18 ýaşy dolýan erkekleriň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga alynmagy bellenilýär.

Azatlyk radiosyna ýurt içinden gowuşýan habarlara görä, her ýyl esgerler iki ýyllyk goşun gullugyndan boşadylanyndan soň, ýurtda işsizleriň, şonuň bilen bir hatarda daşary ýurtlara gitjekleriň sany köpelýär.

Dünýä ýurtlarynyň ýaragly güýçleri, esgerleri barada berilýän maglumatlarda Türkmenistanda her ýyl 100 müňden gowrak erkek adamyň harby gulluk ýaşyna ýetýändigi, 35 müň çemesi esgeriň bolsa ätiýaçlyga goýberilýändigi aýdylýar.

Maglumat üçin aýtsak, “Global Fire Power” websaýty biraz öň dünýäniň 126 ýurdunyň harby pudagy we harby tehnikalary barada maglumat berýän hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda harby güýçleriniň we tehnikalarynyň ukyplylygy boýunça Türkmenistan 90-njy orunda ýerleşdirilipdir.

Bu netije Türkmenistanyň harby pudagynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň pes derejededigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň harby pudagynyň ukyplylygyny deňeşdirip, ýörite infografik taýýarlady.

Azatlyk radiosy goşun gullugyndan boşan türkmen esgerleriniň işsizlik problemasy barada ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Ätiýaja goýberilen esgerleriň köpüsi işsiz galýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:24 0:00

XS
SM
MD
LG