Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Aziýa Bileleşiginiň sammitiniň ýatyrylmagy mümkin


Günorta Aziýa Bileleşiginiň (SAARC) maslahaty, Kabul, 13-nji aprel, 2016
Günorta Aziýa Bileleşiginiň (SAARC) maslahaty, Kabul, 13-nji aprel, 2016

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda noýabr aýynda geçiriljek iri regional sammitiň ýatyrylmagy ähtimal. Bangladeş we Hindistan özleriniň gatnaşmajagyny aýtdylar.

Hindistanyň mediasy Owganystanyň we Butanyň hem sekiz ýurtdan ybarat Regional hyzmatdaşlyk boýunça Günorta Aziýa Bileleşiginiň (SAARC) sammitini boýkot etmek kararyna gelendigini we muňa Pakistanyň Kaşmir regionynda söweşiji hüjümleri goldamagyna bildirilýän aladalanmalaryň sebäp bolandygyny 28-nji sentýabrda habar berdi. Bu mesele Pakistanyň we Hindistanyň arasynda dawa döredýär we bileleşigiň agzalarynyň içerki meselelerine goşulýar.

Hindistan bir gün öň ýaýradan beýannamasynda Pakistany göz öňünde tutup, özüniň “bir ýurduň agza ýurtlaryň içerki meselelerine goşulyşmagynyň gitdigiçe güýçlenmegine” garşy çykandygyny aýtdy.

Şeýle-de Hindistan Pakistanda ýerleşýän söweşijileri Kaşmiriň Hindistanyň gözegçiligindäki böleginde 18-nji sentýabrda harby baza hüjüm edip, 18 harbynyň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplady.

Hindistanyň Hindu gazetiniň Günorta Aziýa Bileleşigine häzirki wagtda ýolbaşçylyk edýän Nepalyň ady görkezilmedik diplomatyna salgylanmak bilen 28-nji sentýabrda habar bermegine görä, bileleşigiň dört agzasynyň gatnaşmadyk ýagdaýynda sammit ýatyrylyp bilner.

XS
SM
MD
LG