Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sank-Peterburg: Resmilerden täze resminamany doldurmak talap edilýär


Sank-Peterburgly kanunçykaryjy Maksim Reznik
Sank-Peterburgly kanunçykaryjy Maksim Reznik

Orsýetiň iň uly ikinji şäheri Sank-Peterburgyň resmilerinden indi her üç aýda bir gezek özleriniň daşary ýurt guramalardaky kontaktlary barada maglumat bermek talap edilýär.

Şäheriň administrasiýasynyň 5-nji oktýabrda kabul eden resminamasyna görä, resmiler daşary ýurt guramalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň ýerini, maksadyny we senesini görkezýän ýörite forumy doldurmaly.

Sank-Peterburgly kanunçykaryjy Maksim Reznik Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda sowet raýatlarynyň daşary ýurtlular bilen islendik aragatnaşygynyň hökümet tarapyndan berk kontrollykda saklanylýan döwrüne salgylanyp, täze resminama “täze demir perdä” tarap ädilen hereket diýdi.

Başga bir kanunçykaryjy Boris Wişnewskiý resminamanyň hiç hili manysynyň ýokdugyny aýdyp, onuň hem býurokratik bökdençlikleriň hataryna goşuljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG