Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew rus konsulyndan düşündiriş soraýar


30 çemesi ukrain žurnalisti Orsýetiň ukrain paýtagtyndaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirdi.
30 çemesi ukrain žurnalisti Orsýetiň ukrain paýtagtyndaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirdi.

Moskwa Ukrainanyň döwlet mediasynyň žurnalistini içalyçylykda aýyplap, tussag edeninden soň, Ukraina Kiýewdäki rus konsulyny çagyrdy.

Ukrianformuň Pariždäki habarçysy Roman Suşçenko Moskwada, 30-njy sentýabrda tussag edildi we soňy bilen içalyçylykda aýyplandy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariana Betsa rus konsulynyň 6-njy oktýabrda, Kiýew resmileriniň žurnalist bilen duşuşmagyna näme üçin rugsat berilmeýändigine düşündiriş almak üçin çagyrylandygyny aýtdy.

“Bu halkara adam hukuklary kanunynyň gös-göni bozulmagy bolup durýar" diýip, Betsa aýtdy.

Orsýetiň Kiýewde ilçisi ýok.

Şu aralykda 30 çemesi ukrain žurnalisti Orsýetiň ukrain paýtagtyndaky ilçihanasynyň öňünde, Suşçenkonyň tutulmagyna garşy protest geçirdi.

XS
SM
MD
LG