Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ bilen ýadro ylalaşygyny togtatdy


Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow.
Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow.

Orsýet Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen baglaşylan ýene bir ýadro ylalaşygyny togtatdy.

Bu ylalaşyk ýadro energiýasy boýunça bilelikde alnyp barylýan ylmy barlaglar hakyndady. 5-nji oktýabrda yglan edilen bu göçüm Amerikanyň Orsýet barada alyp barýan duşmançylykly hereketine “garşy gönükdirilýän çäre” diýlip häsiýetlendirilýär. Bu ýerde göz öňünde tutulýan Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Birleşen Ştatlar tarapyndan Moskwanyň garşysyna girizilen sanksiýalar.

“Biz Orsýetiň ýadro desgalaryny täzelemek we onuň howpsuzlygy ýaly ynjyk meselelerde indi Waşingtona ynam edip bilmeýäris” diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrligi aýtdy. Ministrligiň bellemegine görä, ylalaşyk diňe Birleşen Ştatlar sanksiýalary ýatyran halatynda gaýtadan dikeldiler.

Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkowyň “Interfaks” habar gullugyna aýtmagyna görä, 2013-nji ýylda gelnen ylalaşygyň togtadylmagy Waşingtonyň 2014-nji ýylda Orsýetiň garşysyna sanksiýa girizende, ýadro energiýasy baradaky şular ýaly hyzmatdaşlyklaryň ählisini togtatmak bilen eden “duşmançylykly” hereketine berilýän jogap bolmaly.

“ABŞ hyzmatdaşlygyň togtamagyna gynanýar”

“Şeýlelikde, gezek indi Birleşen Ştatlarda. Biz diňe amerikanlaryň 2014-nji ýylda eden zatlary hakda kanuny taýdan deňagramlylyk döretdik” diýip, Rýabkow aýtdy.

Ýöne bu göçümiň täsiriniň Orsýetiň ýarag derejesindäki plutonini ýok etmek baradaky şertnamany togtatmagy ýaly möhüm bolmazlygy mümkin. Moskwa tarapyndan 3-nji oktýabrda togtadylan bu şertnama aslynda Sowuk uruşdan soňra Amerika bilen Orsýetiň birek-birege ýakynlaşmagynyň alamaty diýlip garalýardy. Moskwa bilen Waşington arasyndaky gatnaşyklar Birleşen Ştatlar Siriýada atyşyklary bes etmek boýunça Orsýet bilen alnyp barylýan gepleşikleri togtadanyndan soň çalt dartgynlaşyp ugrady.

Şondan bäri Orsýet ABŞ bilen bolan ylalaşyklaryň birnäçesini togtadyp, özüniň Siriýadaky güýçlerini artdyrdy, Siriýanyň goşuny hem Aleppo şäherini ele geçirmek üçin, Orsýetiň goldawy bilen alyp barýan kampaniýasyny güýçlendirdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner: “Biziň möhüm mesele we iki ýurduň-da bähbidine boljagyna ynanýan zadymyzda, Orsýetiň hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn togtatmak kararyna Birleşen Ştatlar gynanýar” diýdi.

Siriýa baradaky gepleşikler

Bu aralykda ýokary derejeli diplomatlar çarşenbe güni iki tarapyň arasyndaky gepleşikleri belli bir derejede saklap galmak barada tagalla etdiler.

Birleşen Ştatlaryň üstümizdäki hepdäniň başlarynda Moskwa bilen göni gepleşikleri togtatmak kararyna gelendigine garamazdan, Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen onuň orsýetli kärdeşi 5-nji oktýabrda Siriýa baradaky gepleşiklere täzeden başladylar. Kerri bilen Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefonda Siriýa, Ukraina we Demirgazyk Koreýa barada pikir alyşdylar.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner Kerriniň Siriýa barada Britaniýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň we Kataryň diplomatlary bilen hem gürleşendigini aýtdy.

Ol Lawrow bilen geçen telefon gepleşigi “biziň dowam etdirjek bolýan köpmilletli tagallalarymyzyň bir bölegi, sebäbi olaryň [beýleki döwletler] hem gepleşigiň bir bölegi bolmalydygyna göz ýetirýäris” diýdi.

Orsýet bilen gepleşikleri togtatmak Kerri bilen Lawrow arasynda 9-njy sentýabrda atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydy diýip, Toner aýtdy.

XS
SM
MD
LG