Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Fransiýanyň Siriýa resolýusiýasyna weto goýdy


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň daşy gabalan demirgazyk şäheri Aleppoda gyssagly ýaraşyga çagyrýan iki rezolýusiýany ret etdi.

Fransiýa we Ispaniýa tarapyndan taslanan we ýaraşyk planynyň bir bölegi hökmünde harby uçarlaryň ählisini gondurmaga çagyrýan rezolýusiýa Orsýet 8-nji oktýabrda weto goýdy.

Biraz soň Orsýet tarapyndan taslanan we ýaraşyga çagyrýan rezolýusiýa Alepponyň ýokarsyndaky harby uçarlary gondurmagy agzamady we 15 agzaly geňeşde minumym 9 sesi hem gazanyp bilmedi.

Orsýet tarapyndan taslanan rezolýusiýa dört döwlet goldaw bildirdi, 9 döwlet garşy boldy, iki döwlet saklandy.

Rus uçarlarynyň we Siriýa hökümetiniň howa zarbalary netijesinde, Alepponyň pitneçileriň elindäki böleginde, ABŞ-Orsýet araçylygyndaky ýaraşyk 19-njy sentýabrda synaly bäri, asuda ilatdan ýüzlerçe adamy öldürdi.

Waşington, Aleppoda graždan adamlaryň nyşana alynmagy bilen bagly, Orsýetiň we Siriýanyň hökümetiniň garşysyna uruş jenaýatlary derňewleriniň açylmagyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG