Germaniýanyň polisiýasy iki gün dowam eden yzarlamalardan soň, bomba hüjümini amala aşyrmagy planlaşdyrandygy aýdylýan siriýaly adamy tussag etdi.
Leipzig şäheriniň polisiýasynyň 10-njy oktýabrda “Twitter” sosial ulgamynda çap eden maglumatyna görä, 22 ýaşly Jaber Al-Bakr gijäň ýary tussag edildi.
Al-Bakr bosgun hökmünde geçen ýyl Germaniýa gelipdi.
Germaniýanyň prokuratura edarasynyň metbugat wekili Al-Bakryň hereketlerini “yslamçy esasly hüjümi” planlaşdyrmak diýip häsiýetlendirdi.
Polisiýa 8-nji oktýabrda Hemnitzde Al-Bakryň öýüne girip, “wirtual bomba ýasaýan laboratoriýany” tapany bäri, onuň gözlegindedi.